“SpaceX” kompaniýasynyň kosmos gämisi arkaly Halkara Kosmos Bekedine ýük iberildi. Iberilen ýükleriň arasynda ol ýerde zähmet çekýän kosmonawtlar üçin Täze ýyl sowgatlary hem bar. Halkara Kosmos bekedindäki italiýaly kosmonawt Luka Parmitano Floridadan uçurylan “Dragon” ýük gämisine üç günden soňra gowşandyklaryny belleýär. Parmitano gämini uzyn robot gol arkaly tutup, stansiýa birikdirendiklerini aýtdy. Agramy üç tonna barabar bolan ýükleriň arasynda janly syçanlar, emeli aň ornaşdyrylan “Cimon” atly robot, oba hojalygynda peýdalanmakda tejribe geçirmek maksady bilen iberilen gurçuklar hem bar. “Cimon” adamlaryň duýgularyna düşünip, şoňa görä jogap berýär.
“Dragon” ýük gämisi hususy eýeçilige degişli bolan “SpaceX” kompaniýasynyň 19-njy gämisi boldy. Halkara Kosmos Bekedinde NASA, Russiýanyň Federal Kosmos Agentligi, Ýaponiýanyň Kosmos Barlaglary Agentligi, Ýewropa Kosmos Agentligi we Kanada Kosmos Agentligi bilelikde iş alyp barýar. Ol ýerde hemişe diýen ýaly dürli ýurtlardan 6 kosmonawt bolup, her biri 6 aý galýar.