Geçip bar­ýan ýyl­yň teh­no­lo­gi­ýa ba­za­ry ba­ra­da­ky ha­sa­bat­lar ýaý­ra­dy­lyp baş­lan­dy. IDC kom­pa­ni­ýa­sy­nyň “akyl­ly” sa­gat ba­za­ry ba­ra­da ýaý­ra­dan mag­lu­ma­ty bu en­jam­la­ra is­le­giň ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. “App­le” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň smart­fon ba­za­ryn­da­ky sa­tu­wy azal­ýan hem bol­sa, sa­gat­la­ry­nyň we gu­lak­lyk­la­ry­nyň sa­tu­wy ýo­kar­lan­ýar. Ýy­lyň üçün­ji çär­ýe­gin­de kompaniýa da­ky­nyl­ýan en­jam ba­za­ry­nyň 35 gö­te­ri­mi­ni eýe­läp­dir. Bu döwürde 29,5 mil­li­on sa­ny “App­le Watch”, “Air­Pods” we “Beats” en­jamy sa­ty­lyp­dyr. Bu gör­ke­zi­ji ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den 195,5 gö­te­rim köp bo­lup­dyr. Kom­pa­ni­ýa 2018-nji ýy­lyň de­gi­şli döw­rün­de 10 mil­li­on da­ky­nyl­ýan en­jam sa­typ, ba­za­ryň 23 gö­te­ri­mi­ni alyp­dyr. “Xiao­mi” kom­pa­ni­ýa­sy şu ýy­lyň üçün­ji çär­ýe­gin­de 12,4 mil­li­on en­jam sa­typ, 14,6 gö­te­rim ba­za­ry eýe­läp­dir. 2018-nji ýylda hy­taý kom­pa­ni­ýa­syn­da bu gör­ke­zi­ji 7,4 mil­li­on bo­lup­dyr. “Xiao­mi”-niň sa­tu­wy­nyň ýo­kar­lan­ma­gyn­da üç aý­lyk dö­wür­de 10 mil­li­on­dan gow­ragy satylan “Mi Band” se­ri­ýa­sy­nyň tä­si­ri uly bo­lup­dyr. “Sam­sung” we “Hua­wei” kom­pa­ni­ýa­la­ry, de­giş­li­lik­de, üçün­ji we dör­dün­ji ýer­le­ri eýe­läp­di­rler. 8,3 mil­li­on en­jam sa­tan “Sam­sung”-yň ba­zar pa­ýy 9,8 gö­te­rim bo­lup­dyr. “Hua­wei” bol­sa, 7,1 mil­li­on en­jam sa­typ, 8,4 gö­te­rim pa­ýa eýe bo­lup­dyr. “Go­og­le” kom­pa­ni­ýa­sy­na de­giş­li bo­lan “Fit­bit” şe­re­ke­ti 3,5 mil­li­on en­jam sa­typ, 4,1 gö­te­rim ba­za­ry eýe­le­di.