Mu­nuň üçin bi­ze bo­şan mi­we ýa-da süýt gap­la­ry, reňk­li ga­lam, ka­gyz, ýe­lim we gaý­çy ge­rek. Il­ki bi­len, gutynyň içi­ni bo­şa­dyň. Ola­ryň aras­sa­dy­gy­na göz ýe­ti­riň. Eger-de haý­sy­dyr bir ka­gyz ýel­me­nen bol­sa, ony aý­ryň.

Soň­ra, ola­ryň plast­mas­sa ga­pak­la­ry­ny aý­ryň! Aý­ra­ny­ňyz­da, ga­by ýyrt­maz­ly­ga üns be­riň. Py­çak ýa-da gaý­çy ýa­ly ýi­ti es­bap­lar ulan­ma­ly bo­la­nyňyz­da, ulu­lar­dan kö­mek so­ra­ma­ly­dy­gy­ny unut­maň! Soň­ra ga­byň aşa­gy­ny te­kiz­jek edip ke­siň! Ga­byň içi gu­ry däl bol­sa, es­gi ýa-da ka­gyz bi­len sü­pü­riň.

Ja­ýyň öň ta­ra­py­ny, üçe­gi­ni ýa­sa­jak ka­gyz­la­ry­ňy­zy gu­ty­nyň ulu­ly­gy­na gö­rä, öl­çäp ke­siň! Soň­ra, öz is­le­gi­ňi­ze gö­rä, oňa ga­py­nyň, pen­ji­rä­niň, bal­ko­nyň, üçe­giň su­ra­ty­ny çe­kiň. Pen­ji­re­den se­re­dip du­ran ça­ga­jyk ýa-da pi­şi­jek hem çe­kip bi­ler­si­ňiz.

Jaý­la­ryň üçe­gi­ne goý­mak üçin kar­ton­dan tüs­se­çy­kar ýa­saň! Ony hem is­le­gi­ňi­ze gö­rä reňk­läň. Eger, tüs­se­çy­kar ýa­sa­mak üçin saý­lan kar­to­ny­ňy­za ga­lam ýaz­ma­ýan bol­sa, da­şy­na ak ka­gyz ýe­lim­läp, soň­ra su­rat çe­kiň. Tüs­sä­ni ýa­sa­mak üçin pag­ta­, ýüň­ ýa-da pez­ze­rip du­ran is­len­dik bir zat­dan peý­da­la­nyp bi­ler­si­ňiz. Tüs­sä­niň su­ra­ty­ny ka­gy­za çe­kip, tüs­se­çy­ka­ryň içi­ne hem ýe­lim­läp bi­ler­si­ňiz.

Gu­tu­la­ryň öl­çe­gi­ne gö­rä, su­ra­ty­ny çe­ken ka­gyz­la­ry­ňy­zy ola­ryň di­war­la­ry­na we üçe­gi­ne ýe­lim­läň! Üçe­ge tüs­se­çy­ka­ry ber­ki­diň. Taý­ýar bo­lan jaý­la­ry ulu­rak kar­to­nyň üs­tü­ne ýer­leş­di­riň! Şä­her­ji­gi­ňi­ziň ulu­ly­gy si­ziň gu­tu­la­ry­ňy­zyň sa­ny­na gö­rä bo­lar. Şä­her­ji­gi do­gan­la­ry­ňyz ýa-da deň-duş­la­ry­ňyz bi­len bi­le­lik­de hem ýa­sap bi­ler­si­ňiz. Jaý­la­ryň öňü­ne kö­çä­niň, agaç­la­ryň, ýo­ly­şy­gy­ň we beý­le­ki zat­la­ryň su­ra­ty­ny çe­kip bi­ler­si­ňiz. Ki­çi­räk oýun­jak ma­şyn­la­ry­ňy­zy, haý­wan­jyk­la­ryň şe­kil­le­ri­ni we gur­jak­la­ry­ňy­zy ýer­leş­dir­se­ňiz, şä­her­ji­gi­ňi­z taý­ýar bo­lar.

Tä­ze al­nan oý­na­wa­jyň gu­tu­sy, süý­düň, suwuň ýa-da mi­we şiresiniň ga­by ýa­ly ula­ny­lan gap­lar­dan birnäçe zat ýa­sap bolýar. Is­le ot­ly wa­gon­la­ry­ny, is­le ma­şyn, is­le­se­ňi­zem dür­li jä­jek­le­ri ýa­sa­mak si­ziň eli­ňiz­de. Mi­we suw­la­ry­nyň gap­la­ry kar­ton­dan ýa­sa­lyp, ony kes­mek hem aň­sat. Şol se­bäp­li olar­dan köp zat ýa­sa­mak müm­kin. Eý­sem, bu gap­lar­dan şä­her­jik dö­ret­mek ba­ra­da pi­kir edip gör­dü­ňiz­mi?! Ge­liň, kar­ton gap­lar­dan şä­her­jik ýa­sa­ma­gy öw­re­ne­liň!