Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri gün-günden gözelleşýär.Bu gün paýtagt şäherimiziň haýsy künjegine ser salanyňda-da, başlary asmana sary uzaýan belentden–belent binalara gözüň düşýär. Şeýle binadyr desgalaryň gurluşygy depginli alnyp barylýar. Munuň özi paýtagt şäherimizde dünýä derejesinde gurulýan binadyr desgalaryň sanynyň artmagyna getirýär.
Ýurt Baştutanymyzyň paýtagt şäherimizi ösdürmek, dünýä derejesinde iň gözel hem nusgalyk şäherleriň birine öwürmek baradaky tagallasy ýerine düşýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Aşgabat şäherini ösdürmegiň binagärlik şäher-gurluşyk maksatnamasyna laýyklykda, uly işler amala aşyrylýar. Aşgabadyň demirgazyk böleginde täze iri şäher toplumyny döretmek babatda hem önjeýli işleriň alnyp barylýandygyny aýtmak gerek. Taslamalaryň esasy aýratynlyklarynyň biri-de guruljak jaýlaryň belentligidir. Şeýle hem şäher ýollarynyň, seýilgähleriň, suw çüwdürimleriniň gurluşygyna aýratyn üns berilýänligindedir. Taslamalara laýyklykda, şol şäher toplumynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň hatarynda 12, ondan-da ýokary, hatda 35 gatly binalary gurmagyň göz öňünde tutulýandygy ýurdumyzyň paýtagtynyň has-da öwadan keşbe eýe boljakdygyna bolan guwanjyňy artdyrýar. Bu şäheriň gurulmagy bilen baglanyşykly bellemeli zatlaryň biri-de taslamada diňe bir kaşaň we döwrebap, ýaşaýyş üçin amatly jaýlar bolman, eýsem, guruljak binadyr desgalaryň her biri milli äheňde bolup, döwrebap tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygydyr. Şonuň bilen birlikde taslama laýyklykda alnyp barylmaly gurluşyklaryň diňe bir dizaýn we estetiki däl, eýsem, ekologiki taýdan ýokary derejedäki binalaryň gurluşygynyň göz öňünde tutulýandygy bilen tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyz bu şäheriň gurluşygy barada söz açanda, onuň ýurtda ýetilen syýasy we ykdysady derejäni görkezýän, taryhy geçmişimizi, ruhy we medeni baýlyklarymyzy şöhlelendirýän ýörelgeler esasynda bolmalydygyny, taslamalaryň häzirki zaman ülňülerine laýyklykda gurulmalydygyny ýygy-ýygydan belläp geçýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözel paýtagtymyz has-da gözelleşip, ak mermere örtülen, belent binalaryň her birinde Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň synçy nazarynyň yzy bar. Raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik şäher-gurluşyk keşbini has-da ösdürmäge gönükdirilip, alnyp barylýan işler “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgämiziň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Aýlar BEGJIKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň baş hasapçysy.