Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary derejeli sporty ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Sport we sagdynlyk täze üstünlikleriň girewi bolup hyzmat edýär. Adamlaryň yzygiderli sport bilen meşgullanmaklary olaryň sagdyn hem-de berk bedenli bolmagyna itergi berýär.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da sport di­ňe bir on­lar­ça müň ada­myň en­di­gi bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, ol hal­ky­my­zyň dur­muş ýö­rel­ge­si­ne öw­rül­di. Spor­tuň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne öw­rül­me­gin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň çäk­siz hyz­mat­la­ry hem-de nus­ga­lyk dur­mu­şy bar. Sag­dyn hem-de iş­jeň dur­muş ýö­rel­ge­le­rin­den ugur al­ýan mil­li Li­de­ri­miz spor­tuň at­çy­lyk, we­lo­si­ped we aw­to­mo­bil spor­ty, yl­gaw, ten­nis hem-de beý­le­ki dür­li gör­nüş­le­ri bi­len yzy­gi­der­li meş-gul­la­nyp, äh­li wa­tan­daş­la­ry­my­za, oza­ly bi­len hem ýaş­la­ra nus­ga bol­ýar. Sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­gyň adamy di­ňe be­den taý­dan tap­la­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, onuň dur­muş ýö­rel­ge­le­rin­de hem mak­sa­da­ok­gun­ly bol­ma­gy­na iter­gi ber­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz yzy­gi­der­li at­ly ýa-da we­lo­si­ped­li ge­ze­lenç edip, sport top­lum­la­ry­ny göz­den ge­çir­ýär, olar­da tür­gen­le­şik geç­ýär, şeý­le hem aw­to­mo­bil spor­ty bi­len meş­gul­la­nyp, on­da ýo­ka­ry us­sat­lyk de­re­je­si­ni ga­zan­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň adam sag­ly­gy­ny go­ra­ýan iň go­wy se­riş­de hök­mün­de spor­ta bo­lan ga­raý­şy dur­muş sy­ýa­sa­tyn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar, onuň mak­sa­dy–türk­me­nis­tan­ly­la­ryň dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, be­den we ru­hy taý­dan kä­mil nes­li ýe­tiş­dir­mek bo­lup dur­ýar. Sport ul­ga­myn­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy mak­sa­dy sag­dyn we ru­hu­be­lent ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­le­mek­den yba­rat­dyr. Şo­nuň üçin bu sy­ýa­sat dur­muş stra­te­gi­ýa­sy­nyň mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýar.

Ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty gol­da­ma­gyň hem-de ös­dür­me­giň mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de äh­li se­bit­le­rin­de hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän sta­di­on­lar, be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş top­lum­la­ry gu­rul­ýar. Mun­dan baş­ga-da, äh­li umu­mybi­lim ber­ýän mek­dep­ler­de, ça­ga­lar sa­gal­dyş-dynç alyş mer­kez­le­rin­de sport zal­la­ry­nyň hem-de sport meý­dan­ça­la­ry­nyň, suw­da ýü­zül­ýän ho­wuz­la­ryň göz öňün­de tu­tu­lan­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­mek ge­rek.

Teh­no­lo­gi­ýa­nyň ösen döw­rün­de ça­ga­la­ryň te­le­fon­dyr beý­le­ki teh­no­lo­gik en­jam­la­ra güm­ra bo­lup, sport hem-de iş­jeň dur­muş­dan yza gal­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak ba­bat­da mil­li Li­de­ri­miz uly ta­gal­la­lar ed­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz go­laý­da ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de hem bu ug­ra ünsi çe­kip, türk­men ýaş­la­ry­nyň sport bi­len meş­gul­lan­magy­na uly äh­mi­ýet ber­me­giň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýaş türk­me­nis­tan­ly­la­ryň sag­dyn hem-de berk be­den­li bol­ma­gy ug­run­da ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, döw­re­bap sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­ri­niň yzy­gi­der­li gu­rul­ma­gy ýaş­la­ryň gym­mat­ly wagt­la­ryny sag­dyn bol­ma­gy üçin sarp et­megi­ne giň müm­kin­çi­lik­ler dö­red­ilýär.

Sag­dyn­ly­gyň we bag­ty­ýar­ly­gyň ýur­dy diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan Türk­me­nis­tan­da Hal­ka­ra olim­pi­ýa ko­mi­te­ti hem-de hal­ka­ra sport fe­de­ra­si­ýa­la­ry bi­len ýa­kyn hyz­mat­daş­lyk­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri iş­jeň ös­dü­ril­ýär. Aş­ga­bat­da öz­bo­luş­ly Olim­pi­ýa şä­her­çe­si he­re­ket ed­ýär. 2020-nji ýyl­da bu ýer­de sam­bo bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­ny, 2021-nji ýyl­da bol­sa we­lot­rek bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­ny ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.

Şeý­le iri sport top­lum­la­ry­nyň hem-de sport mek­dep­le­ri­niň he­re­ket ed­ýän ýur­dun­da ýaş­la­ryň spor­ta bo­lan hö­we­si­ni art­dyr­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi ola­ryň sag­dyn bol­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir. Hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da we ber­kit­mek­de, jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni wa­gyz et­mek­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, ba­şy dik, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Söh­bet GUŞ­LY­ÝEW,

S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.