Maglumatlary toplamaga we gaýtadan işlemäge niýetlenen pudagyň bazar bahasynyň 2025-nji ýyla çenli 114,9 milliard dollara ýetjekdigi çaklanylýar. Soňky ýyllarda iri şereketler maglumat saklaýan tehnologiýalara has köp üns berýärler. ABŞ-nyň bazar barlaglaryny amala aşyrýan “Zion” şereketiniň hasabatyna görä, maglumat saklaýan täze nesil programmalaryň bazar bahasy geçen ýyl 50,4 milliard dollara ýetipdir.