njamlarynda täzeçil tehnologiýalary ulanmagy bilen tanalýan “Oppo” kompaniýasy hyýaly hakykat äýnegini tanyşdyrdy. “AR Glass” atly enjamyň iki gyrasynda “ToF” (Time of flight/Uçmagyň wagty) atly sensor, ortada HD durulygyndaky kamera we öňünde balygyň gözüne meňzeş iki sany kamera bar. Şeýle hem, iki gyrasyndaky ýaşyl düwmeler äýnekdäki oýundyr wideolary görmäge we dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, äýnegiň ekrany ulanyjynyň oýun bilen has ýakyndan aragatnaşykda bolmagyny, özüni oýnuň içinde ýaly duýmagyny üpjün edýär. Enjamyň gulaklyklary hem aýrylyp, onuň ýerine daşky çarçuwada ses gataldyjylar ýerleşdirilipdir. Bu bolsa, sesleriň dürli ýerden gelmegini üpjün edýär hem-de gulagyňa zyýansyzlygy bilen tapawutlanýar. “Oppo” bu äýnekden başga täze “akylly” sagadyny, 5G CPE atly, esasan, öýlere niýetlenen, 5G interneti paýlaýan enjamyny we “Voice AI” aýratynlygy bolan geçirijisiz gulaklygyny tanyşdyrdy.