Iri teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry di­ňe elekt­ron en­jam­la­ry­ny ön­dür­män, eý­sem, elekt­ron söw­da pu­da­gyn­da hem iş­le­ýär. Şeý­le kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri bo­lan “Sam­sung” elekt­ron söw­da ul­ga­my­nyň çä­gi­ni bar­ha gi­ňeld­ýär. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň köp ilat­ly ýurt­la­ry­nyň 25-sin­de ýö­re­ýän “Sam­sung Pay” tö­leg ul­ga­my in­di­ki ýyl­dan baş­lap, has köp ýurt­da işe gi­ri­zi­ler. Bu ul­gam örän ýö­ne­keý bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­la­nyp, MST at­ly ul­gam ar­ka­ly äh­li tö­leg ter­mi­nal­la­ryn­da di­ýen ýa­ly tö­leg­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ko­reý kom­pa­ni­ýa­sy gel­jek ýyl “Sam­sung Pay”-e tä­ze aý­ra­tyn­lyk­la­ryň hem go­şul­jak­dy­gy­ny we beý­le­ki ýurt­lar­da hem ula­ny­şa gi­ri­zil­jek­di­gi­ni bel­le­di. Okt­ýabr aýyn­da “Sam­sung Pay”-e go­şu­lan tä­ze aý­ra­tyn­lyk ar­ka­ly bol­sa, ula­ny­jy­lar öz ara­la­ryn­da pul ge­çi­rim­le­ri­ni hem ama­la aşy­ryp bil­ýär­ler. Bu hyz­mat dün­ýä­niň 47 ýur­dun­da hö­dür­len­ýär. Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa ön­dür­ýän en­jam­la­ry­ny hem kä­mil­leş­dir­me­giň ala­da­sy­ny ed­ýär. Kom­pa­ni­ýa “Ga­laxy S” en­jam­la­ry­nyň ba­ha­sy­ny ar­zan­lat­ma­gy we “No­te” smart­fon­la­ry­ny ada­ty we “Plus” gör­nü­şin­de ikä böl­me­gi mak­sat edin­ýär.

Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa şu ýy­lyň ba­şyn­da ta­nyş­dy­ry­lan ep­len­ýän ek­ran­ly “Sam­sung Fold” smart­fo­ny­nyň sa­tu­wy­nyň bir mil­li­on­dan ge­çen­di­gi­ni ha­bar ber­di.