Sesden gaty gidýän ýolagçy uçarlary 1970-nji ýyllarda peýda bolupdy. 2000-nji ýyllarda çendenaşa ýokary tizlikli ýolagçy uçar gatnawlary ýatyryldy. Onuň birnäçe sebäbi bolup, uçaryň ses tizligini geçen mahaly aşa batly ses çykarmagy hem şolaryň biridir. Hünärmenler uçaryň ses tizligini geçenindäki çykarýan sesini aradan aýyrýan tehnologiýany taýýarlaýarlar. “Son of Concorde” atly taslamanyň çäklerinde öndüriljek ýokary tizlikli sessiz uçaryň ilkinji synagy 2021-nji ýylda amala aşyrylar. “X-59” atly uçary NASA bilen “Lockheed Martin” kompaniýalary işläp taýýarlaýar. Uçar uzaklygy 5570 kilometr bolan London – Nýu-Ýork aralygyny 3 sagatda geçer. Sagatda 1 448 km ýol geçjek howa gämisiniň sesden gaty gidip başlan wagty çykarýan batly sesi ýerden eşidilmez.