2020-nji ýyl­da dog­lan gü­nü­niň 250 ýyl­ly­gy bel­le­nip ge­çil­jek meş­hur ne­mes kom­po­zi­to­ry Lýud­wig wan Bet­ho­we­niň do­ly ta­mam­lan­ma­dyk 10-njy sim­fo­ni­ýa­sy­ny eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy ta­mam­lar. Tas­la­ma­ny sa­zan­da­lar­dan, kom­po­zi­tor­lar­dan we komp­ýu­ter hü­när­men­le­rin­den hem-de pia­ni­no­çy Ro­bert Le­win­den yba­rat bo­lan to­par dur­mu­şa ge­çi­rer. Do­ly ta­mam­la­nan eser kom­po­zi­to­ryň doglan şä­he­ri bo­lan Bonn­da Bet­ho­wen or­kest­ri ta­ra­pyn­dan 2020-nji ýylyň 28-nji ap­relinde çal­nar. 1770-1827-nji ýyl­lar­da ýa­şap ge­çen Bethowen 10-njy sim­fo­ni­ýa­sy­ny ta­mam­lap ýe­tiş­män­dir. “Frank­fur­ter All­ge­mei­ne Sonn­tags­zei­tung” ga­ze­ti­niň ha­ba­ry­na gö­rä, saz dö­re­di­len­de, kom­po­zi­to­ryň beý­le­ki eser­le­ri­ne hem sal­gy­la­ny­lar. Tas­la­ma­nyň ut­gaş­dy­ry­jy­sy Zals­burg­da­ky Ka­ra­jan ins­ti­tu­ty­nyň mü­di­ri Matt­hi­as Rö­der to­pa­ryň taý­ýar­lan al­go­rit­mi ar­ka­ly her gün täze zat­la­ry öw­ren­ýän­dik­le­ri­ni aý­dýar.

Do­ly ta­mam­lan­ma­dyk saz ese­ri­niň komp­ýu­te­riň kö­me­gi bi­len ta­mam­lan­ma­gy il­kin­ji ge­zek edil­ýän zat däl. Mun­dan ozal, Hy­ta­ýyň “Hua­wei” kom­pa­ni­ýa­sy awst­ri­ýa­ly kom­po­zi­tor Frans Şu­ber­tiň (1797-1828 ýý) 8-nji sim­fo­ni­ýa­sy­ny eme­li aň ar­ka­ly ta­mam­lap­dy. Şol saz şu ýy­lyň few­ra­lyn­da Lon­don­da il­kin­ji ge­zek aý­dym-saz muş­dak­la­ry­na ýe­ti­ril­di.