Bütin dünýäde sabyrsyzlyk bilen garaşylýan iň esasy baýramlaryň biri Täze ýyl hasaplanýar. Bu baýramçylygy uludan kiçä hemmeler şatlyk-şowhun bilen garşy alýar. Dünýäniň dürli ýurtlarynda köçeler dürli öwüşginli çyralar bilen bezelip, gözel görke getirilýär. Eýsem, Täze ýyl Ýer ýüzüne haýsy ýurtdan gelip başlaýarka?! Muny bilmek üçin dünýäde wagtyň nähili ýöredilýändigine nazar aýlalyň.
Adamlar gadym döwürlerden bäri Täze ýyly belläpdirler. Irki döwürlerde bu baýramçylyk, esasan, tebigatyň janlanýan bahar aýlaryna gabat gelipdir. Günbatar ýurtlarynda hem, Gündogar medeniýetinde hem uzak ýyllap mart aýy täze ýylyň başlangyjy hasaplanypdyr. Dürli medeniýetler geografik aýratynlyklaryna, howa şertlerine görä senenama döredipdirler. Häzirki wagtda bolsa, ähli ýurtda meňzeş senenama ulanylyp, bir gije-gündiz 24 sagada bölünen. Ýurtlar öz ýerli wagtlaryny halkara wagt guşaklygynda ýerleşýän ýerine görä kesgitleýärler. Ýurduň sagady Londonyň golaýyndaky başlangyç meridiana görä, gündogara gidilende goşulyp, günbatara gidilende aýrylyp, kesgitlenýär. Başlangyç meridianyň (UTC+0: Coordinated Universal Time-Bütindünýä utgaşdyrylan wagty) gündogarynda 12 (UTC+), günbatarynda 11 (UTC-) sagat guşaklygy bar. Ýurtlaryň sagatlary bu meridianyň haýsy tarapdadygyna görä kesgitlenýär. Mysal üçin, Türkmenistanyň wagty UTC+5. Ýagny, biziň wagtymyz Angliýanyňkydan 5 sagat öňde. UTC bolsa, utgaşdyrylan ählumumy wagt (Coordinated Universal Time) diýmegi aňladýar. Ýeriň öz okunyň daşyndan aýlanýan wagty bolan 24 sagat bolany üçin, Ýer togalagynda 24 sagat guşaklygy bar. 0-njy meridian Angliýada hem bolsa, täze bir günüň başlanýan ýeri Ýuwaş ummanynyň üstünden geçýär. Ýer togalagynda 360 meridian bolup, her 15 meridian 1 sagada gabat gelýär. Ýagny her meridianyň arasynda 4 minut tapawut bar.
Tomusky sagat düzgüni
Gün şöhlesinden has köp peýdalanmak üçin birnäçe ýurtda tomusky sagat düzgüni hem ulanylýar. Adatça, martyň ahyrynda ýa-da apreliň başynda geçilip, sentýabryň ahyryndan noýabr aralygynda tamamlanýan bu düzgüne görä, wagt bir sagat süýşürilýär. Bu ýagdaý Demirgazyk ýarymşarda ABŞ-nyň aglaba ştatynda, Kanadada, Orta Amerikadaky ýurtlarda, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň birnäçe döwletine degişlidir. Ýylyň pasyllary tersine bolan Günorta ýarymşarda bolsa, Fiji, Täze Zelandiýa, Awstraliýanyň käbir sebitlerinde we Ýuwaş ummanyndaky adalaryň käbirinde ulanylýar. Öňki ýyllarda giňden ulanylan bu düzgüni häzirki wagtda ýatyran ýurtlar hem bar.
Meridian dikligine (demirgazyk-günorta) bolany üçin, sagat tapawudy gündogardan demirgazyga gidilende, üýtgeýär. Mysal üçin, Günorta Afrika bilen Finlýandiýanyň arasynyň uzaklygynyň müňlerçe kilometrdigine garamazdan, bu iki ýurtda hem şol bir wagt (UTС+2) ulanylýar. Sebäbi, olar şol bir guşaklykda ýerleşýär. Birleşen Arap Emirlikleri bilen onuň ýakyn goňşusy Kataryň arasy näçe ýakyn hem bolsa, 1 sagat tapawut bar. Gündogary bilen günbatary giň meýdany eýeleýän ýurtlarda birden köp sagat guşaklygy bolýar. Tutýan meýdany babatda dünýäniň iň uly ýurdy Russiýada jemi 11 sagat guşaklygy bar. Hytaý hernäçe giň hem bolsa, şol bir sagat guşaklygyny ulanýar.
Haýsy ýurt, haçan garşy alýar?
Täze ýyly garşy alýan ýurtlar hem wagt guşaklygynyň başlangyjyndaky Samoa, Kiribati we Tokelau adalarydyr. Ýuwaş ummanyndaky garaşsyz ýurt Samoa adalary 2011-nji ýyla çenli “Günüň iň soňky batýan ýurdy” şygary bilen jahankeşdeleri ýurda çagyrýardy. Garaşsyz ýurt Samoa hem-de Täze Zelandiýanyň Tokelau adasy şol ýylyň 30-njy dekabryny senenamadan aýryp, wagt guşaklygynyň beýleki tarapyna geçdiler. Şeýlelikde, bu iki ada Kiribati bilen bir wagtda dünýäde Täze ýyl baýramçylygyny ilkinji garşy alýan ýurtlar boldy. Bu iki ada Täze Zelandiýa, Awstraliýa we Aziýa ýurtlary bilen söwda gatnaşyklarynyň artýandygy sebäpli, wagt guşaklygyny üýtgedendiklerini bellediler. Samoa 1892-nji ýylda hem wagt guşaklygyny üýtgedipdir. Emma soňky ýyllarda söwda gatnaşyklarynyň ugrunyň üýtgemegi bilen ýene-de öňki wagt hasabynyň ulanylmagy makul bilnipdir.
Täze Zelandiýa bilen bir hatarda Ýuwaş ummanyndaky adalar halkara senäniň başlanýan ýeri hasaplanýan 180-nji meridianyň günbatarynda ýerleşýär. Bu ýurtlarda Täze ýyl feýerwerkleriniň sesi ýaňlanyp başlan wagty biziň ýurdumyzda 31-nji dekabr sagat 15:00 bolýar. Soňra Ýuwaş ummanyndaky beýleki adalaryň ýaşaýjylary täze ýyla gadam basýarlar. Onuň yz ýany Russiýanyň Uzak Gündogar sebitlerindäki şäherlerde, Awstraliýada, Ýaponiýada 2020-nji ýyla gadam basýarlar. Şeýlelikde, Täze ýyl Aziýa, Ýewropa ýurtlarynyň üsti bilen, Atlantik ummanyny aşyp, Amerika baryp ýetýär. Gawai, Kuk adalary, Fransuz Polineziýasy ýaly ýerlerde täze ýylyň ilkinji minutlarynda Türkmenistanda sagadyň dili 15:00-y, senenama 1-nji ýanwary görkezýär. Şondan bir sagat geçensoň, Amerikan Samoasy, Niue, Midueý adalarynyň ýaşaýjylary Täze ýyly iň soňky bolup garşy alýarlar. Bu adalar baýramçylygy ilki belleýän ýurtlaryň golaýynda ýerleşýär.