Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy 2020-nji ýyl­da po­lat ýol­la­ryň gur­lu­şy­gy üçin um­ma­syz köp möç­ber­de pul se­riş­de­le­ri­ni goý­ber­me­gi me­ýilleş­dir­ýär. Mu­nuň üçin 800 mil­liard ýu­an (114 mil­liard dol­lar) möç­be­rin­de ma­li­ýe se­riş­de­le­ri bö­lü­nip ber­ler. Bu ba­ra­da ýur­duň Ulag mi­nistr­li­gi ha­bar ber­ýär. Aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy üçin 1,8 tril­li­on ýu­an, ra­ýat awia­si­ýa ul­ga­my üçin bol­sa 90 mil­liard ýu­an möç­be­rin­de ma­ýa go­ýum­la­ryň öz­leş­di­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar.
Hy­ta­ýyň ösüş we öz­gert­me­ler mil­li to­pa­ry ta­ra­pyn­dan 3 sa­ny de­mir­ýol gur­lu­şy­gy­nyň hem-de bir sa­ny ho­wa men­zi­li­niň tas­la­ma­sy tas­syk­lan­dy. To­par umu­my ba­ha­sy 72,29 mil­liard ýua­na deň bo­lan (10,34 mil­liard dol­lar) Lýao­nin we Szi­lin we­la­ýat­la­ry­nyň ara­syn­da­ky ýo­ka­ry tiz­lik­li de­mir­ýol tas­la­ma­sy­ny ma­kul­la­dy. Mun­dan baş­ga-da, Mon­go­liýa bi­len Hy­ta­ýyň Ninsýa-Hu­eý aw­to­nom se­bi­ti­ni bir­leş­dir­ýän de­mir­ýol tas­la­ma­sy­nyň hem gur­lu­şy­gy­na gi­ri­şi­ler. Ýur­duň Szýan­si we­la­ýa­tyn­da tä­ze ho­wa men­zi­li­niň gur­lu­şy­gy­na baş­la­nar.