“So­lar Ro­ad­wa­ys” at­ly kom­pa­ni­ýa ýol­la­ry Gün pa­nel­le­ri bi­len ör­tüp, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny we ýy­ly­lyk ön­dür­mek mak­sa­dy bi­len tas­la­ma taý­ýar­la­dy. Mer­ke­zi Aý­da­ho şta­tyn­da ýer­leş­ýän kom­pa­ni­ýa bu mak­sat bi­len al­ty­burç pa­nel­le­ri ön­dü­rip­dir. Bu tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin ýur­duň Ulag mi­nistr­li­gi bi­len üç ge­zek sy­nag ge­çir­di. Bu, il­kin­ji no­bat­da, Mis­su­ri şta­tyn­da sy­nag mak­sa­dy bi­len dur­mu­şa ge­çi­ri­ler.
Mis­su­ri­niň Ulag de­par­ta­men­ti­niň in­že­ne­ri Tom Bleýr “Gel­je­ge bar­ýan ýol” (“Ro­ad to To­mor­row”) at­ly tas­la­ma ýol­baş­çy­lyk ed­ýär. Bu tas­la­ma şta­tyň ulag ul­ga­myn­dan gir­de­ji ga­zan­ma­gy mak­sat edin­ýär. Şol se­bäp­li, “So­lar Ro­ad­wa­ys”-iň açy­şy ola­ryň ün­sü­ni çe­kip­dir.
Bleýr bu tas­la­ma­nyň, il­kin­ji no­bat­da, has köp ge­lim-gi­dim­li ýer­ler­de dur­mu­şa ge­çi­ril­jek­di­gi­ni aýd­ýar. Her pa­nel­de Gün şöh­le­si­ni ka­bul ed­ýän bö­lek bi­len bir ha­tar­da, ýy­la­dy­jy ul­gam hem bar. Hü­när­men­ler tas­la­ma­nyň bir­nä­çe me­se­lä­ni çö­züp bil­jek­di­gi­ni aýd­ýar. Hä­zir­ki wagt­da gyş aý­la­ryn­da ýol­lar­da­ky ga­ry we bu­zy aras­sa­la­mak üçin um­ma­syz se­riş­de sarp edil­ýär. Ýol­la­ryň şeý­le pa­nel­ler bi­len ör­tül­me­gi ne­ti­je­sin­de, gar we buz öz-özün­den eräp gi­der.
Mis­su­ri­niň ýan ýo­da­la­ry gyş pas­ly gel­män­kä, döw­re­bap pa­nel­ler bi­len ör­tü­ler. Mu­nuň üçin 100 müň dol­lar sarp edi­ler.