Ýur­du­myz­da dür­li ýa­ryş­la­ryň, şol san­da hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki ýa­ryş­la­ryň gu­ral­ma­gy we ge­çi­ril­me­gi sport bo­ýun­ça mil­li stra­te­gi­ýa­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Aş­ga­ba­dyň gö­zü­mi­ziň al­nyn­da dün­ýä­niň iň iri sport mer­kez­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rü­lip bar­ýan­dy­gy bi­ziň her bi­ri­mi­zi, şu ber­ka­rar ýur­duň ra­ýa­ty hök­mün­de, diý­seň buý­san­dyr­ýar. Paý­tag­ty­myz­da­ky sta­di­on­lar, buz­ly köşk, suw top­lu­my, gyş­ky sport top­lu­my we beý­le­ki des­ga­la­ryň en­çe­me­si ila­tyň iň köp bar­ýan ýer­le­ri­ne öw­rül­di.

Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz sport ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet ber­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, Hal­ka­ra Olim­pi­ýa ko­mi­te­ti, Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi we beý­le­ki iri sport gu­ra­ma­la­ry bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk ýo­la go­ýul­dy. Hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň paý­tag­ty Aş­ga­bat sport paý­tag­ty­na öw­rül­di. Bil­şi­miz ýa­ly, 2020-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da hal­ka­ra de­re­je­sin­de bir­nä­çe iri sport ýa­ryş­la­ry gu­ra­lar. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Sam­bo bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­ny, Fut­zal bo­ýun­ça Azi­ýa­nyň çem­pio­na­ty­ny hem-de De­wi­siň Ku­bo­gy ug­run­da­ky ten­nis ýa­ry­şy­nyň tap­gy­ry­ny (Azi­ýa zo­la­gy/Okea­ni­ýa, IV to­par) gör­kez­mek bo­lar. 2017-nji ýyl­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­ny, 2018-nji ýyl­da Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­ny üs­tün­lik­li ge­çi­ren ýur­du­my­za no­bat­da­ky sport ýa­ryş­la­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi­niň yna­nyl­ma­gy mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da türk­men döw­le­ti­niň sport ab­ra­ýy­nyň has-da be­len­de gal­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.

Hal­ka­ra bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­ne gö­rä, be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň yzy­gi­der­li top­lum­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi iri möç­ber­li sport çä­re­le­ri­ni dün­ýä de­re­je­sin­de ge­çir­mek­de Türk­me­nis­ta­nyň ägirt uly müm­kin­çi­li­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Şeý­le­lik­de, ga­za­ny­lan ne­ti­je­le­ri hem­me­ta­rap­la­ýyn we giň ge­rim­li me­ýil­leş­dir­mek stra­te­gi­ýa­sy öň­de goý­lan mak­sa­da tu­tan­ýer­li zäh­met bi­len ýe­ti­len­di­gi­ni äş­gär ed­ýär.

Spor­tuň dür­li ugur­la­ry bo­ýun­ça or­ta mek­dep­le­riň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­riň, pu­dak­la­ýyn we se­bit­le­ýin to­par­la­ryň ara­syn­da her ýyl ge­çi­ril­ýän sport bäs­le­şik­le­ri sag­dyn­ly­ga, be­den we ru­hy taý­dan kä­mil­li­ge ta­rap ýol­da ýaş­lar üçin oňat hö­wes­len­di­ri­ji çä­re­ler bol­ýar. Türk­me­niň ady­ny ar­şa gö­te­ren, türk­men spor­tu­ny dün­ýä ýü­zün­de iň bir kä­mil, öň­de­ba­ry­jy de­re­jä ýe­ti­ren tür­gen­le­ri­mi­zi he­mi­şe ru­hy taý­dan ýe­ňiş­le­re ruh­lan­dyr­ýan Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, iş­le­ri ro­waç bol­sun! 2020-nji ýyl­da bol­jak ýa­ryş­lar­da – Sam­bo bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­tyn­da, Fut­zal bo­ýun­ça Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da, ten­nis bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şi­gin­de türk­men tür­gen­le­ri­niň ýo­ka­ry ne­ti­je­le­re eýe bol­ma­gyny tüýs ýü­rek­den ar­zuw ed­ýä­ris!

Ne­pes KA­RA­ÝEW,

Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.