Ýurdumyzda “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen, iri jemgyýetçilik-syýasy wakalara hem-de durmuş-ykdysady ösüş babatda uly üstünliklere beslenen 2019-njy ýyl tamamlandy. 2020-nji ýylda bolsa Garaşsyz Türkmenistan şanly senäni – BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky taryhy Kararnamany kabul etmeginiň 25 ýyllygyny uludan toýlar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär hem-de iri möçberli taslamalar amala aşyrylýar. Şeýle sazlaşykly tagallalar netijesinde, bu gün ata Watanymyz ýokary depginler bilen ösýär we özgerýär, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty ýokarlanyp, halkara abraýy barha arşa göterilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli we oýlanyşykly syýasatynyň rowaçlyga beslenýändiginiň dabaralanmasydyr. 2019-njy ýylda paýtagtymyzda we sebitlerde köp sanly dürli maksatly desgalar gurlup, ulanylmaga berildi.
2019-njy ýylda oba hojalygy toplumynda hem uly üstünlikler gazanyldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmegi we eksport ugurlarynyň artdyrylmagy boýunça işlenip taýýarlanylan Döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatlarda täze maldarçylyk, guşçulyk toplumlary, ýyladyşhana hojalyklary açyldy. Ýurdumyzda azyk howpsuzlygy üpjün edildi. 1 million 700 müň tonna golaý bugdaý we 1 million tonnadan gowrak pagta hasyly ýygnaldy.
Gurmak, döretmek we raýatlary mynasyp durmuşda ýaşatmak häzirki taryhy döwrüň esasy ýol-ýörelgesidir. Bu ugurda hem 2019-njy ýylda uly işler alnyp baryldy. Gökdepe etrabynyň çäginde gurulýan Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň düýbüniň tutulmagy 2019-njy ýylyň esasy wakalarynyň birine öwrüldi. Balkan welaýatynda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň çäginde giň möçberli durmuş-önümçilik toplumynyň gurluşygyna badalga berildi. Ýurdumyzyň sebitlerinde ýagny, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň birnäçe etraplarynda döwrebap obalaryň düýbi tutuldy. Bu möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda durmuş ugurly syýasatyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Tamamlanan ýylda daşary syýasat ugurly üstünliklerimiz ýurdumyzyň abraýynyň has-da ýokarlanmagyna saldamly goşant goşdy. Häzirki wagtda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly abraýly halkara guramalary hem-de dünýäniň köp ýurtlary bilen, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde ýola goýlan syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär.
2019-njy ýyl ýurdumyzyň medeni gymmatlyklarynyň aýawly saklanmagy hem-de olaryň giňden wagyz edilmegi babatda hem ýatdan çykmajak ýyllaryň birine öwrüldi. Bilşimiz ýaly, 2019-njy ýylyň dekabr aýynda türkmen halkynyň milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu ýagdaý türkmen halyçylyk sungatynyň dünýä sungatynda we medeniýetinde öz mynasyp ornuny eýeleýändigini, gözelligi, nepisligi, ýokary hilliligi we kämilligi bilen dünýäde iň gymmatly sungatlaryň hatarynda durýandygyny açyp görkezýän taryhy waka öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda konstitusion özgertmeleri geçirmek baradaky başlangyjy öňe sürmegi, ýurdumyzyň kanunçykaryjylyk ulgamynyň işini halkara tejribesine laýyklykda, özgertmek baradaky teklibi esasynda ýurdumyzyň ähli künjeginde netijeli işler durmuşa geçirilip, milli demokratiýamyzyň rowaçlyklaryň ak ýoly bilen uly ösüşlere gadam urmagyna şert döretdi.
Umuman, 2019-njy ýylda milli Liderimiziň baştutanlygynda oňyn özgertmeler ugry bilen ýurdumyz ýokary belentliklere çykdy hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlandy.
Rahmanberdi NÖKEROW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.