Norwegiýada suwuň aşagynda adaty bolmadyk geçelge gurlar. Ilaty 5 million töweregi bolan ýurtda ýol dyknyşyklygy meselesi ýok diýen ýaly. Emma ýurt demirgazykda ýerleşýänligi sebäpli gyş aýlary uzaga çekýär. Gyş paslynda ýollaryň sürçek bolmagy sürüjiler üçin kynçylyk döredýär. Deňiz kenaryndaky ýurtda gämi gatnawynda hem bökdençlikler döreýär. Şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak üçin köp ýyldan bäri dürli taslamalar durmuşa geçirilýär. Golaýda bolsa, Norwegiýanyň Ulag ministrligi has üýtgeşik taslamany taýýarlady.
Dünýäniň iň uly ikinji fiordy (gury ýere gaty uzap giden, kenary gaýaly, insiz deňiz aýlagy) hasaplanýan Sogne sebitinde suwasty awtoulag ýoly gurlar. Şeýlelik-de, goşa tunnelden geçjek awtoulaglar häzirki wagtda 21 sagatda geçilýän ýoly, 10 sagatda geçer. Täze taslamanyň bahasy hem gymmat bolar. 25 million dollar harçlanmagy maksat edinilýän taslama has ygtybarly bolmagy bilen tapawutlanar. Suwuň 30 metr aşagynda guruljak ýol gämi gatnawyna hem zyýan ýetirmez. Şeýle hem oňa howa şertleriniň hiç hili täsiri ýetmez. Dünýäde ilkinji gezek amala aşyryljak ýerasty geçelgäniň 2035-nji ýylda hyzmata hödürlenmegine garaşylýar.