Ger­ma­ni­ýa­nyň “Volks­wa­gen” awtoulag kom­pa­ni­ýa­sy şu ýy­lyň do­wa­myn­da 34 sa­ny tä­ze mo­de­li sa­tu­wa çy­kar­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Bu mo­del­le­riň 12 sa­ny­sy SUV modeli bo­lup, ozal­ky mo­del­le­riň önüm­çi­li­gi hem do­wam eder. Tä­ze mo­del­le­riň kä­bi­ri kom­pa­ni­ýa­nyň mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­lär. 2024-nji ýy­la çen­li ne­mes bren­di 19 mil­liard ýew­rolyk ma­ýa go­ýum öz­leş­dir­me­gi mak­sat edin­ýär. Ma­ýa go­ýum, esa­san, aras­sa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry kä­mil­leş­dir­mek­de peý­da­la­ny­lar. Kom­pa­ni­ýa­nyň äh­li ulag­la­ry 2050-nji ýy­la çen­li al­ter­na­tiw ener­gi­ýa çeş­me­le­rin­den peý­da­la­nyp, ho­wa hiç hi­li hapa gaz goý­ber­mez. “Volks­wa­gen” 2025-nji ýy­la çen­li bu me­ýil­na­ma­sy­nyň ýa­ry­sy­ny ama­la aşyr­ma­gy göz öňün­de tut­ýar. Şu mak­sat bi­len ID mo­de­li­niň önüm­çi­li­gi­ne aý­ra­tyn üns ber­ler. Bu mo­de­liň il­kin­ji nus­ga­sy bo­lan “ID.3”-iň bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len geç­ýän ýo­ly 550 ki­lo­met­re ýet­ýär. On­dan soň­ky çy­ka­ryl­jak “ID.4” mo­de­li bol­sa, amer­ikan ba­za­ry­na ibe­ri­ler. 2018-nji ýyl­da 50 müň, ge­çen ýyl 70 müň elekt­ro­kar ön­dü­ren “Volks­wa­gen” 2023-nji ýya çen­li 1 mil­li­on, 2029-njy ýy­la çen­li je­mi 26 mil­li­on elekt­ro­kar sat­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Mun­dan baş­ga-da, 6 mil­li­on gib­rid ula­gyň sa­tu­wy­ny hem ama­la aşyr­ma­gy göz öňün­de tut­ýar. Elekt­rou­lag­lar dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da­ky 16 za­wod­da ön­dü­ri­ler.

Kom­pa­ni­ýa elekt­rou­lag ma­şyn­la­ry­na zar­ýad ber­ýän be­ket­le­riň ýaý­baň­lan­ma­gy üçin hem iş alyp bar­ýar. “Volks­wa­gen” zar­ýad be­ket­le­ri­niň ýet­mez­çi­lik ed­ýän ýer­le­ri üçin bol­sa, mo­bil zar­ýad be­ke­di­ni hem ta­nyş­dyr­dy.