Ýo­lag­çy uçar­la­ry adat­ça 10 km be­lent­lik­den uç­ýar­lar. As­lyn­da, 5 km be­lent­lik­den uç­mak­la­ry üçin hem hiç hi­li päs­gel­çi­lik ýok. Fi­zi­ki ha­sap­la­ma­la­ra gö­rä, her 5 km be­lent­li­ge çy­ky­lan­da, ho­wa­nyň ba­sy­şy iki es­se azal­ýar. Ýag­ny 10 km be­lent­lik­dä­ki ba­syş de­ňiz de­re­je­sin­dä­ki­den 4 es­se pes bol­ýar. Ba­sy­şyň az bol­ma­gy, sür­tül­me kuw­wa­ty­nyň hem az bol­ma­gy­ny aň­lad­ýar. Sür­tül­mä­niň az ýe­rin­de uçar has az ýan­gyç ýak­ýar. Şol se­bäp­li ho­wa gä­mi­le­ri has ýo­kar­dan gid­ýär. Eý­sem, nä­çe ýo­ka­ry çy­kyl­sa, ba­syş az­dy­gy se­bäp­li uç­mak aň­sat bol­ýan bol­sa, on­da nä­me üçin uçar­lar 15 km be­lent­lik­den uç­ma­ýar­lar?! Ýo­ka­ry tiz­lik­de git­mek we ýan­gy­jy tyg­şyt­la­mak üçin has ýo­kar­dan hem gi­di­lip bil­ner. Em­ma be­len­de çy­kyl­dy­gy­sa­ýyn ho­wa­da­ky kis­lo­ro­dyň muk­da­ry hem azal­ýan­dy­gy se­bäp­li, uçar ka­bi­na­sy­na has köp kis­lo­rod goý­be­ril­me­li bol­ýar. Şo­nuň üçin 10 km be­lent­lik iň amat­ly­sy ha­sap­lan­ýar. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, ýo­lag­çy uçar­la­ry or­ta­ça 960 km/sa­gat tiz­lik bi­len uç­ýar­lar.