Her paslyň öz gözelligi bar. Tebigatyň dynç alýan gyş paslynda howa has sowuk bolýar. Eýsem, gyş paslynyň nähili aýratynlyklary barka?! Geliň, olaryň käbiri bilen tanşalyň!
Gyşda demirgazyk ülkelerine syýahat edeniňizde, ähli ýeriň garlydygy hiç kimi geň galdyrmaz. Emma gar, seýrek hem bolsa, adamlaryň pikir etmejek ýerlerine ýagyp bilýär. Dünýäniň iň gurak ýerleri hasaplanýan Sahara we Atakama çöllerine hem gar ýagýar.
Gar tozgajyklary adam saçynyň ýogynlygy ýaly hem bolup bilýär, teňňe puluň ululygyna barabar hem. Gar tozgajyklarynyň biriniň beýlekisine meňzemeýändigini hem eşidensiňiz! Örän seýrek hem bolsa, meňzeş gar tozgajyklaryna duş gelinýär.
Ýagyşdan tapawutlylykda gar has ýeňil bolýar. Sebäbi gar bölejikleri diňe suwdan emele gelmän, arasynda howa hem bolýar. Garyň düzüminde ýagşyň ondan biri ýaly suw bolýar.
Adatça ýagyş ýagýan wagtlary gök gümmürdeýär. Emma kähalatlarda gar ýagýan wagty hem gök gümmürdäp bilýär. Bu hadysa ýyly howanyň ýerden ýokary göterilip, bulutlary itmegi netijesinde emele gelýär. Gyşyna gök gümmürdisi emele gelýän hem bolsa, köplenç eşidilmeýär. Sebäbi gar sesiň ýaýramagynyň öňüni alýar. Gyşyna emele gelýän ýyldyrym hem ýagýan gar sebäpli görünmeýär.
Garyň ýere düşüş tizligi onuň şekiline we ululygyna görä üýtgeýär. Gar bölejikleri sekuntda 30 santimetrden 180 santimetre çenli tizlik bilen ýere düşýär.
“Gyşyň güni kyrk tüýsli” diýip ýöne ýere aýdylmandyr. Gyş aýlarynda howanyň güneşlidigine seredip, ýuka geýnip daşary çykmaň! Sebäbi, howanyň ýylylygy gysga wagtda düşüp bilýär. 1911-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda ABŞ-nyň Günorta Dakota ştatyndaky Rapid şäherinde howa 15 minutyň dowamynda 13 dereje yssydan 13 dereje sowuga düşüp, bu ugurdaky rekord hasaba alynýar.
Ýaponiýanyň Aomori şäheri dünýäniň iň garly şäheri hasaplanýar. Deňiz kenaryndaky bu şäheriň daş-töweregi daglar bilen gurşalan. Dag etegindäki asma ýoly her ýylda müňlerçe myhmany kabul edýär. Sebäbi tanap ýolunyň töweregindäki gar astyndaky arça agaçlary örän ajaýyp gözelligi emele getirýär.
Aşa köp gar ýagýan şäherlerde gary arassalamak üçin dürli usullardan peýdalanylýar. Köp şäherde gar boş ýerlere daşalýan bolsa, käbir şäherlerde gary erediji maşynlardan peýdalanylýar.