“Amazon” kompaniýasynyň “Goodreads” internet saýty 2019-njy ýylyň “Choice Awards” bäsleşiginiň ýeňijilerini mälim etdi. Bu saýtyň okyjylary 2019-njy ýyl üçin birnäçe ugur boýunça iň gowy eserlerini saýlamaga ses berdiler. Iň gowy kitap üçin pikir soralyşyga 4,6 million okyjy ses berdi.
Kitaplara ses berlişik esasynda düzülen sanawyň başyny çeper edebiýat žanrynda kanadaly ýazyjy Margaret Etwudyň “Nesihatlar” (The Testaments) atly eseri çekip, 98 291 ses gazandy.
Amerikan ýazyjysy Teýlor Jenkins Reýdiň “Deýzi Jons we alty” (Daisy Jones & The Six) eseri 82 483 ses bilen iň gowy taryhy roman hökmünde öňe saýlandy.
Amerikan ýazyjysy Keýsi Makkuistonyň “Gyzyl, ak we gök” (Red, White & Royal Blue) romany 76 688 ses bilen iň gowy roman boldy.
Amerikan ýazyjysy Stiwen Kingiň “Institut” (The Institute) eseri 75 717 ses bilen iň gowy gorkuly eser boldy.
Amerikan ssenariçisi Aleks Mihaelidesiň “Geplemezek nähoş” (The Silent Patient) atly aňtaýjylyk baradaky eseri 68 821 ses bilen iň gowy eser boldy.
Fentezi žanrynda amerikan ýazyjy zenany Li Bardugonyň “Dokuzynjy öý” (Ninth House) eseri 53 430 sese eýe boldy.
Amerikan aktrisasy Eli Wonguň “Gadyrly gyzlar” (Dear Girls) romany 41 454 ses bilen iň gowy gülküli eser boldy.
Amerikan ýazyjysy Bleýk Krauçyň “Dolanyş” (Recursion) atly eseri 41 261 ses bilen iň oňat ylmy-hyýaly eser boldy.
Amerikan ýazyjy zenany Reýçel Lippinkottyň “Bir-birekden bäş funt uzakda” (Five Feet Apart) romany 36 232 ses bilen ulular üçin niýetlenen iň gowy eser boldy.
Şeýle hem, amerikan ýazyjysy Rik Riordanyň “Aramgäh” (The Tomb) atly eseri 33 333 sese eýe bolup, çagalar we ýetginjekler üçin niýetlenip ýazylan iň gowy kitap boldy.