Gündelik durmuşda dürli maksatlar bilen ulanylýan mobil enjamlaryň zarýady hem gysga wagtda gutarmak bilen bolýar. Şol sebäpli ýanyňda göterilýän batareýalaryň dürli görnüşleri bar. Bu enjamlar, esasan, uzak ýola gidilende, has peýdaly bolýar. Golaýda şeýle batareýanyň iň kiçisiniň taslamasy taýýar edildi. Awstraliýaly hünärmenler “Zoose” atly dünýäniň iň kiçi batareýasyny döretmek üçin “Kickstarter” arkaly gatanç toplap başladylar.
Ol “iPhone” we “Android” enjamlaryny elektrik energiýasy bilen üpjün edýär. Onuň agramy bary-ýogy 18 gram. Onuň güýji “iPhone 6”-nyň batareýasynyň 25 göterimine barabar.
Jübiňde hem göterip boljak kindiwanja enjamy ulanmak üçin aýratyn kabel gerek däl. Bu bolsa, onuň ýene bir artykmaçlygy hasaplanýar. Onuň üstünde “micro USB” we “Lightning” girişleri bar. Oňa 30 minutda doly zarýad berip bolýar. “Null PTY LTD” şereketi tarapyndan işlenip düzülen “Zoose”-y almak üçin 17 awstraliýa dollaryny ibermek ýeterlik. Ol oktýabr aýynda müşderilere ugradylyp başlanar.