“Bentley” kompaniýasynyň “Mulsanne” modeliniň elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşi taýýarlanar. Kompaniýanyň marketing müdiri Hans Holsgartner önüm öndürüjileriň tebigaty arassa saklamak maksady bilen, şeýle ulaglary kämilleşdirmäge has köp üns berýändigini belledi. Esasan hem, Hytaý we beýleki köp ilatly ýurtlarda şeýle ulaglara isleg has ýokary. Bilermenler howanyň hapalanmagynyň öňüni almagyň iň amatly usulynyň elektromobilleriň ýaýbaňlanmagy bilen baglydygyny aýdýarlar. Beýleki şereketler bilen bir hatarda, “Bentley” hem şeýle ulaglary taýýarlamagyň aladasyny edýär. Howanyň hapalanmagynyň öňüni almak üçin tygşytlylygy bilen tapawutlanýan gibrid ulaglaryň hem ähmiýetiniň uludygy bellenilýär. Aňrybaş rahatlygy bilen tapawutlanýan “Bentley Mulsanne”-niň benzin bilen işleýän görnüşleriniň bahasy häzirki wagtda 300 müň dollar töweregi bahadan satylýar.
Elektrik energiýasy bilen işleýän täze ulagyň bahasynyň näçe boljakdygy häzirlikçe nämälim.