“Google” kompaniýasy maglumat merkezinde emeli aň tehnologiýasyndan peýdalanýar. “DeepMind” atly bu tehnologiýa energiýany 15 göterim tygşytlamaga ýardam edýär. Adatça, maglumat merkezlerinde äpet enjamlary sowatmak üçin has köp energiýa sarp edilýär. Şeýle bolansoň, käbir kompaniýalar täze maglumat merkezlerini sowuk ýurtlarda gurýarlar. Bilermenleriň çaklamaklaryna görä, şeýle merkezler ýer ýüzünde howa goýberilýän kömürturşy gazynyň 2 göterimini emele getirýär.
“DeepMind”-yň wekilleri täze tehnologiýanyň daşky gurşawy aýawly saklamakda uly peýdasynyň bardygyny belleýärler. Şeýle hem emeli aň tehnologiýasy iri senagat kärhanalarynyň hem elektrik energiýasynyň tygşytlamagyna ýardam eder. Maglumat merkezlerini sowatmak üçin köp mukdarda suwdan peýdalanylýar.
Emeli aň tehnologiýasy şu ýylyň ahyryna çenli “Google”-yň ähli maglumat merkezlerinde oturdylar. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary “Apple”, “Google” we “Facebook” öz maglumat merkezlerinde peýdalanýan energiýasynyň 100 göterimini gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden almak üçin tagalla edýär.