“SpaceX” bir­den köp ge­zek ulan­ma­ga ni­ýet­le­nen ra­ke­ta­la­ry we kos­mos gä­mi­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­ýar we bu ugur­da oňyn ne­ti­je al­ýar. Kom­pa­ni­ýa­nyň “Dra­gon” at­ly kos­mos gä­mi­si Tä­ze ýy­lyň öň ýa­nyn­da Hal­ka­ra kos­mos be­ke­di­ne ýük äki­dip­di. 2 tonna 585 kg ýük äki­den gä­mi yzy­na gaý­dyp gel­di. Hä­zir­ki wagt­da hal­ka­ra kos­mos be­ke­din­de 61-nji eks­pe­di­si­ýa iş alyp bar­ýar. “Dra­gon CRS-19” gä­mi­si 5-nji de­kabr­da uçu­ry­lyp, üç gün­den soň­ra kos­mos be­ke­di­ne ba­ryp­dy. Kos­mos gä­mi­sin­de dür­li en­jam­lar we gu­ral­lar, azyk önüm­le­ri we tej­ri­be ge­çir­mek mak­sat­ly to­hum­lar äki­dil­di. Hä­zir­ki wagt­da “SpaceX” kos­mo­nawt­la­ry gat­nat­ma­ga ni­ýet­le­nen “Crew Dra­gon” at­ly gä­mi­ni hem iş­läp taý­ýar­la­ýar. Bu gä­mi­niň şu ýy­lyň do­wa­myn­da ulan­ma­ga be­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.