Gaý­na­dy­lyp bi­şi­ri­len we çig ýu­murt­ga­nyň ta­pa­wu­dy­ny onuň da­şyn­dan reň­ki­ne, ysy­na ýa­-da uranyňda çyk­ýan se­se gö­rä ta­pa­wut­lan­dy­ryp bol­ma­ýar. Ola­ry di­ňe tekiz ýerde goýup, pyrlamak arkaly bilip bol­ýar. Eý­sem, ýu­murt­ga­ny çak­maz­dan onuň çig­di­gi­ni ýa-da bi­şen­di­gi­ni nä­dip bi­lip bo­lar? Ýu­murt­ga gaý­na­dy­lan­da içi üýt­ge­ýär. Em­ma da­şyn­dan we­lin ony aňyp bol­ma­ýar. Ge­liň, mu­ny anyk­la­mak üçin ki­çi­räk tej­ri­be ge­çi­re­liň! Mu­nuň üçin bi­ze 2 sa­ny deň ýu­murt­ga, kä­se we gyz­gyn­ly­ga çy­dam­ly gap we ka­gyz ge­rek. Il­ki bi­len bir ýu­murt­ga­ny 7-8 mi­nut gaý­na­dyň! Soň­ra ony suw­dan çy­ka­ryp so­wa­ýan­ça ga­ra­şyň! Bi­şen we çig ýu­murt­ga­ny te­kiz ýer­de go­ýup, pyr­laň we bar­ma­gy­ňyz bi­len dur­zup, der­re­wem bar­ma­gy­ňy­zy aý­ryň! Mu­ny bir­nä­çe ge­zek gaý­ta­laň! Soň­ra bol­sa, iki ýu­murt­ga­nam pyr­lap, dur­ýan­ça se­re­diň!

Ýu­murt­ga­ny dur­zup, bar­ma­gy­my­zy aý­ra­ny­myz­da, bi­ri­niň gaý­ta­dan pyr­la­nyp baş­lan­dy­gy­ny gö­rer­si­ňiz! Pyr­la­nyp du­ran bi­şen ýu­murt­ga­ny dur­za­ny­myz­da, onuň ga­ty iç­ki bö­le­gi hem dur­ýar. Ýag­ny ýu­murt­ga­nyň da­şy bi­len içi bi­le­lik­de he­re­ket ed­ýär. Çig ýu­murt­ga­ny dur­za­ny­myz­da bol­sa, onuň da­şy dur­sa-da için­dä­ki su­wuk bö­lek aý­lan­ma­gy­ny do­wam ed­ýär. Şol se­bäp­li, aý­la­nyp du­ran çig ýu­murt­ga­ny ça­la­ja dur­zup, eli­ňi­zi çek­se­ňiz, ol gaý­ta­dan aý­lan­ma­gy­ny do­wam et­dir­ýär.