Äh­lu­mu­my işe we­pa­ly­lyk – sport to­par­la­ry­nyň,

söw­da kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, jem­gy­ýe­tiň

we si­wi­li­za­si­ýa­nyň üs­tün­li­gi­niň gi­re­wi­dir.

Wins Lom­bar­di, amerikan fut­boly boýunça tä­lim­çi.

Bob Ri­çards, tür­ge­n.

Köp adam­lar Olim­pi­ýa çem­pio­ny ýa-da Ame­ri­ka­nyň çem­pio­ny bo­lup bil­ýär­di, ýö­ne olar mu­ny et­mä­ge ta­gal­la et­me­di­ler. Me­niň ha­sap­la­ma­la­ry­ma gö­rä, me­niň ýe­ňiş ga­za­nan ýy­lym sy­rykly bökmek bo­ýun­ça mil­li­on­lar­ça adam­ men­den öňürt­mä­ge ukyp­ly­dy. Men­den hem güýç­li, uzyn boý­ly çak­gan er­kek ki­şi­ler nä­me üçin­dir hiç ha­çan eli­ne sy­ryk al­ma­dy­lar, aýak­la­ry­ny hiç ha­çan ýer­den üz­mä­ge we ke­se agaç­dan bö­küp geç­mä­ge sy­na­nyş­ma­dy­lar.

Bizi hem­me ýer­de us­sat­lar gol­da­ýar. Us­sat bol­mak aň­sat, se­bä­bi si­ze he­mi­şe us­sat yn­san­lar ýar­dam ber­ýär. Me­niň bo­lan äh­li ýer­le­rim­de biz­ne­siň be­ýik adam­la­ry öz ide­ýa­la­ry­ny, usul­la­ry­ny we teh­ni­ka­la­ry­ny is­len­dik is­leg bil­dir­ýän­ler bi­len paý­laş­ýan­dy­gy me­ni haý­ran gal­dyr­dy. Men tej­ri­be­li işe­wü­riň özü­niň ni­çik­si iş­le­ýän­di­gi ba­ra­da ýaş işe­wü­re gür­rüň be­rip du­ran­dy­gy­nyň te­lim sa­par şa­ýa­dy bol­dum. Ol hiç za­dy on­dan ýa­şyr­ma­ýar­dy. Edil sport dün­ýä­sin­de hem şu­nuň ýa­ly ýag­daý. Men gol­lan­di­ýa­ly la­kam­ly Kor­ne­li­us War­mer­da­myň re­kor­dy­ny tä­ze­le­mä­ge eden sy­na­ny­şyk­la­rym­da­ky pur­sat­la­ry hiç ha­çan unut­ma­sam ge­rek. Men onuň re­kor­dyn­dan bir­nä­çe san­ti­metr aşak be­lent­lik­den bö­küp geç­dim. Men oňa jaň edip:

– Gol­lan­di­ýa­ly, men siz­den kö­mek so­rap bi­le­rin­mi? Gör­ýän we­lin men şon­dan ýo­ka­ry ga­lyp bil­jek däl öýd­ýän. Şol meniň soň­ky çä­gim bo­laý­ma­sa – diý­dim.

Ol: – Ar­ka­ýyn bol­san-a, Bob! Siz der­rew me­niň ýa­ny­ma gaý­dyň, men size bil­ýän zat­la­ry­myň ba­ry­ny öw­re­de­ýin – diý­di.

Men üç gün­läp sy­ryk­ly bök­mek bo­ýun­ça us­sat tür­ge­niň ýa­nyn­a gatnadym. Gol­lan­di­ýa­ly üç gü­nüň için­de bil­ýän zat­la­ry­nyň ba­ry­ny ma­ňa öw­ret­di. Ol me­niň ýal­ňyş eden til­sim­le­ri­mi dü­zet­di. Gepiň gys­ga­sy, men der­rew öň­ki çä­gim­den 21 san­ti­metr ýo­ka­ry bö­küp ug­ra­dym. Ussat türgen bil­ýän zat­la­ry­nyň ba­ry­ny me­niň bi­len paý­laş­dy. Şon­dan soň men sport gah­ry­man­la­ry­nyň we çem­pi­on­la­ry­nyň bi­ziň hem ussat bol­ma­gy­my­za gol­daw ber­mek üçin ta­gal­la ed­ýän­dik­le­ri­ne göz ýe­tir­dim.

Los-An­je­les­dä­ki Ka­li­for­ni­ýa uni­wer­si­te­ti­niň bas­ket­bol to­pa­ry­nyň us­sat tür­ge­ni Jon Wu­den ýag­şy­ly­gy gaý­ta­ryp bil­me­ýän­le­re he­mi­şe kö­mek et­me­li di­ýen pel­se­pä eýer­ýär­di. Ol mu­ny bor­jy saý­ýar­dy.

Ha­çan-da, şot­land fut­bol­çy­sy Jorj Al­len skau­tin­giň hem-de go­ra­nyş fut­bo­ly­nyň jik­me-jik­li­gi hem-de in­çe til­sim­le­ri ba­ra­da, dip­lom işi­niň üs­tün­de iş­le­ýär­kä, 30 sa­hy­pa­lyk pi­kir so­ra­ly­şyk iş­läp dü­züp, ony ýur­duň ady­gan tür­gen­le­ri­ne ýol­lap­dyr. Şon­da ola­ryň 85 gö­te­ri­mi so­rag­la­ra do­ly jogap be­rip­dir­ler.

Iň­lis di­lin­den ter­ji­me eden Mer­dan An­na­sä­he­dow, Bal­ka­na­bat şä­he­rin­dä­ki
da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ne ýö­ri­te­leş­di­ri­len 3-nji or­ta mek­de­biň okuw­çy­sy.