Alym­lar sap ti­tan­dan has berk tä­ze spla­wy taý­ýar­la­dy­lar. Onuň örän berk bol­ma­gy pos­la­mak­dan we beý­le­ki da­şar­ky tä­sir­ler­den go­ra­ýar. Raýs (Rice) uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri­niň iş­läp taý­ýar­lan me­ta­ly ti­tan­dan dört es­se pugta. Bu me­tal al­tyn bi­len ti­ta­nyň ga­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de taý­ýar­lan­dy. Üç ti­tan ele­men­ti bi­len bir al­tyn ele­men­ti­niň ga­ryş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de al­nan splaw hä­zir­ki wagt­da sy­nag­dan ge­çi­ril­ýär. Tä­ze ma­te­ri­al ti­tan­dan has ýe­ňil bol­ma­gy bi­len hem ta­pa­wut­lan­ýar.