3D film­le­riň çy­ka­ny­na köp wagt ge­çen hem bol­sa, ol ga­ra­şy­lan ne­ti­jä­ni ber­me­di. 3D äý­ne­gi uzak wagt­lap da­kyn­ma­gyň gö­zü­ňe ýe­tir­ýän zy­ýa­ny oňa bo­lan gy­zyk­lan­ma­ny azald­ýar. Şol se­bäp­li äý­nek dak­maz­dan, 3D film­le­ri gör­kez­me­giň teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny taý­ýar­la­ma­gyň ala­da­sy edil­ýär. Mas­sa­şu­ssets teh­no­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň “Cine­ma 3D” at­ly tas­la­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de bir­den köp gat­lak bir te­kiz­lik­dä­ki su­rat­da bir­leş­di­ril­ýär. Şeý­le­likde, 3D gör­nüş­li film­le­re äý­nek­siz hem to­ma­şa edip bol­ýar. Tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­nyň önüm­çi­li­ge ha­çan or­naş­dy­ryl­jak­dy­gy hä­zir­lik­çe nä­mä­lim.