Pa­riž­dä­ki mu­zeýleriň 14-sinde sak­lan­ýan sun­gat ese­rleriniň 100 müňi in­ter­net ar­ka­ly tö­leg­siz ser­gä çy­ka­ryl­dy. Ola­ryň ara­syn­da Klod Mo­ne, Pol Se­zann, Wik­tor Gýu­go, Gýus­taw Kur­be we Remb­randt ýa­ly bel­li su­rat­keş­le­riň eser­le­ri hem bar. Tö­leg­siz syn edip bol­ýan bu eser­le­ri gö­çü­rip al­ma­ga hem müm­kin­çi­lik dö­re­di­lip­dir. Ser­gä gi­ri­zi­len her bir ese­riň ýo­ka­ry du­ru­lyk­da­ky şe­ki­li, ha­ky­ky­sy­nyň ni­re­de­di­gi we beý­le­ki mag­lu­mat­la­ry hem be­ril­ýär. Şeý­le hem Wik­tor Gýu­go­nyň öý mu­ze­ýi­ne üç öl­çeg­li gör­nüş­de ga­ýy­ba­na ge­ze­lenç et­mä­ge hem müm­kin­çi­lik döredi­lip­dir. Pa­riž mu­zeý­le­ri­niň ara­gat­na­şyk­ boýunça jo­gap­kär ýol­baş­çy­sy Fi­lip Riw­ýe­re mu­zeýler­dä­ki ar­heo­lo­gi­ýa, mo­da we döw­re­bap sun­gat bi­len bag­ly bir mil­li­on sun­gat ese­ri­niň bar­dy­gy­ny aý­dyp, ola­ryň 2016-njy ýyl­da san­ly ul­ga­ma ge­çi­ri­lip baş­la­nan­dy­gy­ny we mu­nuň do­wam etdiriljek­di­gi­ni aýd­ýar. Ol köp­çü­li­ge hö­dür­le­nen­le­ri nä­çe ada­myň syn eden­di­gi­ne hem yzy­gi­der­li se­red­ýän­dik­le­ri­ni aýd­ýar. Eser­le­ri in­ter­net ser­gi­si­ne goý­lan mu­zeý­le­riň ara­syn­da Pa­ri­žiň ýer­ze­min­le­ri, Bal­za­gyň öý mu­ze­ýi, Wik­tor Gýu­go­nyň öý mu­ze­ýi, Bur­de­liň öý mu­ze­ýi, Kar­na­wal mu­ze­ýi, Çer­kis­ki­niň mu­ze­ýi we beý­le­ki sun­gat mer­kez­le­ri bar.