Ir za­man­larda örän ja­nyp­keş, akyl­ly we ugur­ta­py­jy daý­han ýa­şap­dyr. Ol daý­han­çy­lyk­dan baş­ga-da, to­wuk­dyr beý­le­ki öý guş­la­ry­ny hem sak­la­ýan eken. Onuň öý guş­la­ry­nyň sa­ny şeý­le bir kö­pe­lip­dir we­lin, daý­ha­nyň mes pi­şi­gi içi by­jyk­lap, jüý­je­le­ri ko­wa­lap ug­rap­dyr.

Gün­le­riň bir gü­ni oba­dan ep-es­li daş­lyk­da, gü­ne­şläp ýa­tan ýaň­ky pi­şi­giň ýa­ny­na bir gap­laň gel­ýär. Öm­rün­de pi­şi­ge ga­bat gel­me­dik gap­laň ony gö­rüp, ga­ty geň gal­ýar:

– Özüň-ä ýal­ňyş­ma­sam, bi­ziň ko­w­mu­myz­dan bol­ma­ly. Ýö­ne nä­me üçin­dir, ga­ty ki­çi gö­rün­ýäň? Nä­dip beý­le ýag­da­ýa dü­şüp ýör­süň? Kim se­ni beý­le hor­la­ýar?

Pi­şik gap­la­ňy ma­za­ly­ja oý­na­ma­gy ýü­re­gi­ne düw­ýär:

– Wah, gar­daş, sen so­ra­ma, men aýt­ma­ýyn. Me­niň gö­ren gör­gü­le­ri­mi gör­seň gö­züň aga­rar. Men ça­ga­kam ho­ja­ýy­ny­myň eli­ne düş­düm. Ol me­ni aç sak­lan­soň, boý alyp bil­män, şo dur­şu­ma ga­ly­ber­dim. Ýog­sam, me­niň ýa­şym se­niň­ki­den uly bol­ma­sa, ki­çi däl­dir.

Gap­laň pi­şi­giň dü­şen ha­ly­na ga­ty gy­na­nyp, oňa kö­mek et­me­gi ýü­re­gi­ne düw­ýär.

– Bäh, seň ol diý­ýän ada­my­ňy heý gö­rüp bol­maz­my? Özüm­jik oň bi­len ýüz­leş­me­sem bol­jak däl.

Pi­şik oňa daý­ha­nyň ekin ekip ýö­ren ýe­ri­ni sal­gy ber­ýär.

Gap­laň bär­den ba­ran­da daý­han ökü­zi bi­len ýer sü­rüp ýö­ren eken. Mu­ny gö­rüp gap­laň öz ýa­nyn­dan: “Bäh, ýaň­kyň aý­dy­şy ýa­ly hem bar eken-ow, ul­la­kan ökü­zi kö­säp ýör­şü­ni gör-ä oň” di­ýip içi­ni hüm­led­ýär. Ol ga­zap bi­len daý­ha­na ýüz­len­ýär:

– Eý, daý­han, sen nä­me üçin me­niň ko­wum­da­şy­my kö­säp ýör­süň! Beý­der ýa­ly onuň nä­me et­mi­şi bar? Men sen­den onuň ary­ny al­ma­ga gel­dim.

Gap­la­ňyň ni­ýe­ti­ni ýa­ma­na dü­wen­di­gi­ne göz ýe­ti­ren daý­han:

– Bol­ýar on­da – di­ýip, per­waý­syz jo­gap ber­ýär. – Ýö­ne men güý­jü­mi öý­de go­ýup gaýt­dym, şo­ny ge­tir­ýän­çäm ga­raş­ma­ly bolar­syň!

– Bol­ýar – di­ýip, gap­laň ra­zy­laş­ýar.

– Gel­ýän­çäm ga­çyp git­mez­li­giň üçin, se­ni şu aga­ja bag­lap go­ýa­ýyn. Ýog­sam köp­ler gar­pyş­jak diý­ýär­ler-de, aňyr­dan gel­ýär­käm güý­jü­mi gö­rüp ýaz­zy­ny ber­mek bi­len bol­ýar.

Gap­laň mu­ňa-da ra­zy­laş­ýar. Daý­han ony aga­ja da­ňyp gid­ýär. Ol go­laý-gol­tum­dan ul­la­kan bir töň­ňä­ni alyp gel­ýär-de, da­ňyl­gy du­ran gap­la­ňyň de­pe­sin­den in­de­rip baş­la­ýar. Gap­laň ha­lys ys­gyn­dan ga­çyp, lü­ti çy­kan­soň daý­han:

– In­di gaý­dyp özü­ňe da­hyl­ly bol­ma­dyk işe, äni­gi­ne-şä­ni­gi­ne ýet­män, bur­nu­ňy so­ku­jy bo­laý­ma­gyn, bu iýen ta­ýa­gy­ňam ga­lan öm­rüň­de sa­ňa sa­pak bol­sun – di­ýip, ur­lup tar-mar bo­lan gap­la­ňy bo­şa­dyp goý­ber­ýär.

Sü­tü­ni süý­nen gap­laň süý­re­nip bar­ýar­ka häl­ki pi­şi­ge ga­bat gel­ýär. Ony gö­rüp gap­laň na­ýyn­jar gür­le­ýär:

– Sen dog­ru­dan hem, bi­ziň kow­mu­myz­dan eke­niň, ki­çi­li­giň­den şeý­le ada­myň eli­ne dü­şü­bem, bol­man­da şu de­re­jä çen­li ösüp bi­lip­siň.

Ter­ji­me eden Mäh­ri GA­RA­DA­GO­WA, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.