Koreýanyň KIA awtokompaniýasy geljekki bäş ýyllyk maksatnamasy barada giňişleýin maglumat berdi. Kompaniýa geljekde ýangyçdan has tygşytly peýdalanýan ulaglaryň önümçiligine aýratyn üns berer. 2021-nji ýyldan başlap kompaniýa her ýyl täze bir elektroulag modeliniň önümçiligini ýola goýar. Ilkinji peýda boljak ulagyň bir gezekki zarýady bilen 500 km ýol geçjekdigi mälim edildi. Kompaniýanyň ýolbaşçylary gibrid we elektroulag modellerine islegiň has ýokary bolmagyna garaşýarlar. KIA 2026-njy ýyla çenli 1 million sany elektrokar satmagy maksat edinýär. Kompaniýa elektrokar bazarynyň 6,6 göterimini öz adyna ýazdyrmagy maksat edinýär. Täze elektrokarlar 15-20 minutda 80 göterim zarýad alar. Koreý brendi täze elektrokarlaryny “Imagine” nusgalyk ulagynyň esasynda taýýarlar.