Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler bar­ha iler­le­ýär. “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen yn­san­per­wer ýö­rel­ge ra­ýat­la­ryň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ri­len öz­gert­me­le­riň düýp maz­mu­ny­na öw­rül­ýär.

Ýur­du­myz­da ra­ýat­la­ry­my­zyň, esa­san hem, nu­ra­na er­tir­le­ri­mi­ziň eýe­le­ri bo­lan ýaş­la­ryň bi­li­mi­ni art­dyr­ma­gy, dö­re­di­ji­lik­li iş­le­me­gi, öz ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­kez­me­gi, sport we köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe bi­len meş­gul­lan­ma­gy üçin, döw­let de­re­je­sin­de giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Se­bä­bi, ça­ga maş­ga­la­nyň gu­wan­jy. Şo­nuň üçin hem, ata-ba­ba­la­ry­myz öz per­zent­le­ri­ne aras­sa ah­lak­ly­lyk, ýag­şy ni­ýet-päl, mert­lik we mu­kad­des Wa­ta­na we­pa­ly­lyk gö­rel­de­si­ni al­ma­gy ne­si­hat edip­dir­ler. Pe­der­le­ri­mi­ziň bi­ze mi­ras go­ýup gi­den dur­mu­şy we ede­bi gym­mat­lyk­la­ry bol­sa bu gün bag­ty­ýar hal­ky­my­zyň bagt çeş­me­si, dur­muş ýö­rel­ge­si bo­lup hyz­mat ed­ýär. Eziz Ar­ka­da­gy­my­zyň ha­lal ýa­şa­ýyş hak­da ün­de­ýän her bir sö­zi ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ha­lal­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne da­ýan­ýar. Mu­ny Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hal­ky­my­zyň he­mi­şe ha­lal ýol­dan ýö­re­me­gi­ni ne­si­hat ed­ýän aşak­da­ky söz­le­rin­de hem gör­ýä­ris: “Ata-ba­ba­la­ry­myz ak­ýü­rek­li we ha­lal zäh­met çe­kip, ha­lal ýa­şa­mak ba­ra­da bi­ze köp­san­ly öwüt-ün­dew­le­ri, na­kyl­la­ry, pä­him­le­ri mi­ras gal­dy­ryp­dyr. Biz hem, öz no­ba­ty­myz­da, ha­lal­ly­gyň, zäh­met­sö­ýer­li­giň nus­ga­sy bo­lan pe­der­le­ri­mi­ziň my­na­syp ne­sil­le­ri bol­ma­ly­dy­rys”. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň her bir aýd­ýan öwü­di ada­myň ru­hu­ny, dün­ýä­si­ni has be­len­de gö­ter­ýär. Ru­hu­be­lent adam şa­dy­ýan hem gaý­rat­ly bolýar. Şeý­le sy­pat­lar bol­sa gö­zel­li­gi dö­red­ýär. Diý­mek, mak­sa­dyň gö­zel bo­lan­da, dün­ýäň, dur­mu­şyň hem gö­zel bol­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň her bir öý­de, her bir maş­ga­la­da mäh­ri­ban­lyk, my­la­ýym­lyk dö­ret­mä­ge ça­gyr­ýan, ça­ga­la­ryň aň-dü­şün­je­sin­de kä­mil sy­pat­la­ryň boý al­ma­gy­na ge­tir­ýän ne­si­hat­la­ry kalp­la­ryň tö­rün­de orun al­ýar. Öý­le­ri­miz, ojak­la­ry­myz ha­lal­lyk­dan bin­ýat bol­ýar.

Ýaş nes­liň sag­dyn ruh­ly, berk be­den­li, aň-dü­şün­je­li bo­lup ýe­tiş­me­gi­ni ga­zan­mak üçin my­na­syp go­şant goş­mak, eziz Ar­ka­da­gy­my­zyň ne­si­hat­la­ryn­dan, öwüt-ün­dew­le­rin­den de­giş­li ne­ti­je çy­kar­mak bi­ziň her bi­ri­mi­ziň yn­san­lyk bor­ju­myz­dyr. Şeý­le be­lent mak­sat­dan ugur alyp, et­ra­by­my­zyň kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň äh­li de­re­je­dä­ki gu­ra­ma­la­ry beý­le­ki jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň, hu­kuk we sag­ly­gy go­ra­ýyş iş­gär­le­ri­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry­nyň, il sy­lag­ly ýa­şu­lu­la­ryň, mäh­rem ene­le­riň gat­naş­ma­gyn­da kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň 469 ag­za­sy­ny özü­ne bir­leş­dir­ýän kär­ha­na­myz­da zäh­met çek­ýän ýaş­la­ryň ara­syn­da “Ha­lal­lyk – hem­ra­ňyz bol­sun!”, “Yn­sap – dur­muş ýö­rel­gä­miz”, “Ha­lal zäh­met – ba­ky döw­let” at­ly şy­gar­lar bi­len ge­çir­ýän wa­gyz-ne­si­hat çä­re­le­ri­miz, ýa­şu­ly nes­liň we­kil­le­ri bi­len gu­ra­ýan du­şu­şyk­la­ry­myz sag­dyn dur­muş we ha­lal ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­ne ba­gyş­lan­ýar. Şol çä­re­ler­de ata-ba­ba­la­ry­my­zyň pä­him-pa­ra­sa­dy­na uýup, ýa­ra­maz en­dik­ler­den daş­da dur­ma­sy­ny ün­däp, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­rin­den ugur alyp, sport we be­den­ter­bi­ýe bi­len meş­gul­lan­ma­gyň sag­ly­ga ýe­tir­ýän peý­da­sy dog­ru­syn­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň ber­ýä­ris. Pä­him­li ýa­şu­lu­la­ryň, kü­müş saç­ly ene­le­ri­mi­ziň sa­ly­hat­ly­lyk, edep-ek­ram­ly­lyk ba­ra­da­ky gür­rüň­le­ri çä­rä gat­na­şy­jy­la­ryň ha­lal zäh­met çe­kip, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­rin­den ugur al­ma­gy­na iter­gi ber­ýär.

Biz hem jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň iş­gär­le­ri – ýag­şy iş­le­riň ün­dew­çi­le­ri bo­lup, hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zyň ýur­du­my­zyň ha­lal ýol bi­len ösüş­le­riň be­lent­lik­le­ri­ne ýet­me­gi, ra­ýat­la­ry­my­zyň ha­lal zäh­me­ti bi­len eziz Wa­ta­ny­my­zyň ösü­şi­ne my­na­syp go­şant goş­ma­gy ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­ri­ne ýar­dam ber­mek üçin ar­man–ýa­da­man zäh­met çe­ke­ris. Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ze ata Wa­ta­ny­my­zyň ber­ka­rar­ly­gy, hal­ky­my­zyň aba­dan ýurt­da ha­lal zäh­met çe­kip, bo­le­lin dur­muş­da ýa­şa­ma­gy, şeý­le hem tu­tuş adam­za­dyň bag­ty­ýar­ly­gy ug­run­da alyp bar­ýan ägirt uly iş­le­ri üçin al­kyş aýd­ýa­rys. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak, iş­le­ri ro­waç bol­sun!

Hu­daý­ber­gen Ora­zow,
Kö­ne­ür­genç et­ra­by­nyň S. A. Ny­ýa­zow
adyn­da­ky pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­sy­nyň kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň il­kin­ji gu­ra­ma­sy­nyň baş­ly­gy.