Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze ösüşler ýoly bilen barha öňe barýan ýurdumyzda halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeler hem-de giň gerimli maksatnamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisinde adam hakdaky aladanyň öňde tutulmagy milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesiniň uly rowaçlyklara beslenýändiginiň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylyna gadam basdyk. Şu ýylyň ýurdumyzyň şanly Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň 25 ýyllyk toýuna bagyşlanyp atlandyrylmagy hormatly Prezidentimiziň halkara gatnaşyklarda, sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak işinde öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň rowaçlanýandygy bilen has-da uly ähmiýete eýe boldy.
“Türkmenistan–Bitaraplygyň mekany” ýylynyň ilkinji uly halkara çäresi milli Liderimiziň gatnaşmagynda “Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat bilen başlady. 2020-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany kabul edenine 25 ýyl dolýar. Bu abraýly halkara gurama tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň, tutuş halkymyzyň beýik gymmatlygydyr.
Hormatly Prezidentimiziň halkara maslahatda belläp geçişi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy häzirki döwrüň hakykaty we biziň geljegimizdir. Bitaraplyk ylalaşdyryjylyk diplomatiýasynyň, deňhukukly halkara gatnaşyklarynyň hem-de döwletiň okgunly ösüşiniň özeni, türkmenistanlylaryň abadan durmuşynyň kepili bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap alyp, dünýäde we sebitde durnukly ösüşiň berkarar bolmagy ugrunda halkara jemgyýetçiligiň işine işjeň gatnaşyp gelýär. Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly ýokary derejeli halkara maslahat hem ýurdumyzyň bitaraplyk taglymatynyň dünýä ösüşine oňyn täsirini ýetirýändigini bütin dünýä wagyz etmekde uly waka bolar.
Bitaraplyk daşary syýasy tarapdan döwletiň parahatçylyk dörediji, halkara söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň işjeň merkezine öwrülmegine ygtybarly esas bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda dünýäniň ençeme ýurdy bilen söwda-ykdysady gatnaşyklar alnyp barylýar. Şeýle hem sebitde iri halkara taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda giň tagallalar edilýär. Häzire çenli durmuşa geçirilen Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisi, “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň möhüm şahasy bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly, gurluşyklary alnyp barylýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijileri ýaly iri taslamalar sebitiň hem-de dünýäniň halkara söwda gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşmegine goşant goşýan iri taslamalar bolup durýar. Şeýle taslamalar bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ýörelgelerine berk eýerýän Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän özgertmeler maksatnamalarynyň aýrylmaz bir bölegidir.
2020-nji ýyl milli Liderimiziň ýurdumyzyň, sebitimiziň we bütin dünýäniň halklarynyň abadançylygyna gönükdirilen halkara derejedäki teklipleriniň we oňyn başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapýan hem-de ykrar edilýän ýyly bolar. Şeýle hem 2020-nji ýyl Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça energetika, ulag, suw, ekologiýa, sport, medeni diplomatiýasynyň dabaralanjak ýyly bolar. Sebäbi üstümizdäki ýylda ýurdumyzda ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda birnäçe iri halkara forumlar geçiriler. Muňa Aşgabatda geçiriljek deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ulag ministrleriniň Halkara maslahaty hem aýdyň subutnamadyr. Sport durmuşynda hem 2020-nji ýylyň çäginde ýurdumyzda birbada birnäçe halkara ýaryşlaryň geçirilmegi, sportuň parahatçylygyň ündeýjisi hökmünde ykrar edilmegi türkmen bitaraplygynyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine kybap gelmegi bilen uly ähmiýete eýedir. Şu ýyl paýtagtymyzda futzal boýunça Aziýa çempionatynyň, tennis boýunça Dewis kubogynyň hem-de sambo boýunça Dünýä çempionatynyň geçirilmegi, ýurdumyzyň ynsanperwer syýasatdaky halkara hyzmatdaşlygynyň has-da giň gerime eýe bolýandygynyň görkezijisidir.
Türkmen Bitaraplygynyň şanly toýunyň giňden wagyz edilmegi babatda, täze internet sahypasynyň döredilmegi hem halkara jemgyýetçiliginiň ýurdumyz barada giň maglumat almagy üçin uly mümkinçilikdir. Ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan döredilen “http://neutrality.gov.tm” saýty ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ösüş strategiýasy hem-de ykdysadyýeti we durmuş ulgamyndaky üstünlikler barada umumy maglumatlary, şol sanda saglygy goraýyş, bilim we ylym ulgamyndaky gazanylanlar barada umumy maglumatlary almaga mümkinçilik berýär.
Nursoltan BAÝRAMDURDYÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
mugallymy.