Gadymy hem müdimi türkmen halkyna bagtyň gülüp bakmagynda Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň atalyk aladalary bardyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mukaddes türkmen topragynda bitirilen işleriň, ýetilen sepgitleriň, bolup geçýän wakalaryň hersi bir eser. Hormatly Arkadagymyzyň parasatly ýol görkezijiliginde öňde goýlan wezipelere yzygiderli amal edilýär. Ata Watanymyzyň bedew batly ösüşleri bu gün dünýä äşgär. Diýarymyzdaky öňegidişlikler diňe ykdysadyýet ulgamyny däl, ähli ugurlary, şol sanda oba hojalyk pudagyny hem gurşap alýar.
Häzirki wagtda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek, oba hojalygynda öndürilýän önümleriň görnüşini artdyrmak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şeýle-de, hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” tassyklady. Her bir işiň özeninde adam baradaky aladany goýýan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň durmuşy hemmetaraplaýyn ösýär, özgerýär. Magtymguly atamyzyň: “Alkyş alsaň, mydam işiň oň bolar” diýşi ýaly, eziz Arkadagymyza halkyň tüýs ýürekden aýdýan alkyş-arzuwlary rowaçlyklara beslensin!
Hawa, güneşli türkmen Diýarynda nurly säherler ajaýyp, asyrlara uzaýan ösüşli ýollar, ýeňişli ýyllar ajaýyp! Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda geçilýän şöhratly hem bagtyýar menziller ajaýyp! Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçilýän we taryhyň gatlaryna ugradylýan her ýylyň zähmet sepgitlerinde asyrlara barabar beýiklik bar. Ine, muňa geçen ýyl ýurdumyzyň gallaçylarynyň bugdaýyň, pagtaçylaryň pagtanyň bol hasylyny ýygnap, Watan öňündäki borçnamalarynyň hötdesinden gelmegi hem aýdyň mysaldyr. Biziň ählimiz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň, guwandyryjy ösüşleriň jümmüşinde ýaşaýarys. Ata Watanymyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen ajaýyp ýörelgeden ugur alýan durmuş-ykdysady ösüşleriň bady günsaýyn batlanýar.
Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan kemal tapýan bu üstünlikler Berkarar döwletimiziň mundan buýana-da gülläp ösmegini, halkyň asuda ýaşap, bagtyň gujagynda ýaşamagyna, ýaş nesilleriň ygtybarly geljegine bolan buýsanjyňy goşalandyrýar. Ösüşleriň ak ýolundan barýan Watanymyz döwlet Baştutanymyz tarapyndan badalga berilýän uly tutumly başlangyçlaryň netijesinde oba ýerlerinde hassahanalaryň, saglyk merkezleriniň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, medeniýet öýleriniň, sport desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup ulanylmaga berilýändigine buýsanç bilen şaýat bolýarys. Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber tagallasy bilen sporty, bedenterbiýäni ösdürmek barada birnäçe işler durmuşa geçirilýär.
Bu gün hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda türkmen halkynyň bagtyýarlygyny ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynda, ýurdumyzyň asudalygynda, halkyň abadan durmuşynda görýäris. Goý, ösüşli ýollarymyzyň, ýeňişli ýyllarymyzyň dowamy dowamat bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurdy abadan, abraý-mertebesi mydama belent bolsun!
Ata Watanymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýunyň belleniljek 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilmegi kalbymyzy joşdurdy. Bagtyýarlyga gol beren halkymyzyň ykbalyna bagt paýyny eçilen döwürde döwlet Baştutanymyz tarapyndan amala aşyrylýan belent tutumly işler dowamat dowam bolsun!
Saparmyrat Saparmyradow,
S. A. Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň mugallymy.