Il­kin­ji ze­nan kos­mo­naw­tyň kos­mo­sa çy­ka­ny­na 60 ýyl bo­lup bar­ýar. Şon­dan bä­ri kos­mos bar­lag­la­ry­na ze­nan­lar iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Em­ma hä­zi­re çen­li açyk kos­mos­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­le­re di­ňe ze­nan kos­mo­nawt­lar­dan dü­zü­len to­par gat­naş­ma­ndy. Hä­zir­ki wagt­da bol­sa Hal­ka­ra kos­mos be­ke­din­de iş alyp bar­ýan ze­nan kos­mo­nawt­lar Kris­ti­na Koç we Jes­si­ka Me­ir açyk kos­mos­a öz­baş­dak çy­kan il­kin­ji ze­nan to­par bol­du­lar. Olar be­ke­diň da­şyn­da­ky kö­ne ba­ta­re­ýa­la­ryň ýe­ri­ne tä­ze­le­ri­ni dak­ýar­lar. Ol ýer­de je­mi 48 ni­kel-wo­do­rod ba­ta­re­ýa­nyň bar­dy­gy, ola­ryň äh­li­si­niň li­tiý-ion ba­ta­re­ýa­lar bi­len çal­şyl­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Bu ba­ta­re­ýa­lar be­ket Ýe­riň ga­raň­ky ta­ra­py­na ge­çe­nin­de, ony elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len üp­jün ed­ýär. Tä­ze ba­ta­re­ýa­la­ryň has güýç­lü­di­gi bel­le­nil­ýär. Bu iki kos­mo­nawt üçin ýö­ri­te kos­mos eşi­gi we beý­le­ki gu­ral­lar ýa­sal­dy. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, kos­mos gä­mi­sin­de açyk as­ma­na çyk­mak örän çyl­şy­rym­ly we kyn iş­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Hä­zi­re çen­li 227 kos­mo­naw­t açyk kos­mo­sa çy­kyp, ola­ryň 14 sa­ny­sy­ ze­nan­lar­dy­r. Ze­nan kos­mo­nawt­la­ryň äh­li­si er­kek kos­mo­nawt to­pa­ry­nyň ag­za­sy bo­lup, açyk kos­mo­sa çy­kyp­dyr­lar. Kos­mos­da açyk as­ma­na çy­kan il­kin­ji ze­nan kos­mo­nawt Swet­la­na Sa­wis­ka­ýa bo­lup, ol 1984-nji ýy­lyň 25-nji iýu­lyn­da bu kyn we­zi­pä­ni ýe­ri­ne ýe­ti­rip­di.