Awst­ra­li­ýa­nyň gün­ba­ta­ryn­da we Tä­ze Gwi­ne­ýa­nyň gü­nor­ta­syn­da “ýö­re­ýän” kit­le­riň tä­ze gör­nüş­le­ri ta­pyl­dy. Soň­ky bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sin­de ýü­ze çy­ka­ry­lan jan­dar­lar bi­len bi­le­lik­de “ýö­re­ýän” kit­le­riň sa­ny do­ku­za ýet­di. Bu jan­dar­lar ýal­pak suw­lar­da ýa­şa­ýar­lar. Kwins­lend uni­wer­si­te­ti­niň yl­my iş­gä­ri, dok­tor Kris­ti­na Dud­ge­on bu jan­dar­la­ryň 12 ýyl­lyk zäh­me­tiň ne­ti­je­sin­de ýü­ze çy­ka­ry­lan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Yl­my-bar­lag su­wuň düý­bün­de ýüz­güç­le­ri ar­ka­ly süýş­ýän ba­lyk­la­ry has ýa­kyn­dan öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len ge­çi­ri­lip­dir. Dud­ge­on bu jan­dar­la­ryň ýüz­güç­le­ri­niň örän güýç­lü­di­gi­ni, ada­ty ba­lyk ýa­ly ýü­züp bil­ýän­di­gi­ni, şol bir wagt­da su­wuň aşa­gyn­da ýe­re da­ýa­nyp ýüz­güç­le­ri ar­ka­ly hem he­re­ket ed­ýän­di­gi­ni aýd­ýar. Bu jan­dar­lar dü­zü­min­de az muk­dar­da kis­lo­rod bo­lan suw­­da ýa­şa­ýar­lar. Kit­le­riň bu gör­nü­şi gaýt­gyn se­bäp­li suw çe­ki­len­de gal­ýan ýal­pak suw­da­ky jan­dar­lar bi­len aw­la­nyp, ýa­şaý­şy­ny do­wam et­dir­ýär. Dok­tor Dud­ge­on en­tek üs­ti açyl­ma­ly jan­dar­la­ryň tä­ze gör­nüş­le­ri­niň köp­dü­gi­ne ün­si çek­di.