“Renault” kompaniýasy elektrokar satuwynda öz rekordyny täzeledi. Fransuz kompaniýasy geçen ýyl 62447 sany elektroulag satypdyr. “Renault” 2017-nji ýylda 36300, 2018-nji ýylda 49300 sany elektrik energiýasy bilen işleýän ulag ýerläpdir. Kompaniýanyň “Renault Zoe” modeline has köp isleg bildirilip, 48269 sanysy satylypdyr. Geçen ýylyň dekabrynda bolsa bu ulagdan 4853 sanysy müşderilere ýetirilipdir. 2019-njy ýylyň oktýabrynda “Zoe” modeliniň täze görnüşi satuwa çykarylypdy.