“Su­ba­ru” kom­pa­ni­ýa­sy tä­ze elekt­ro­kar mo­de­li­ni ta­nyş­dyr­dy. Bu mo­de­liň 2021-nji ýyl­da sa­tu­wa çy­ka­ryl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. 2030-njy ýy­la çen­li ýa­pon bren­di­niň ön­dür­ýän aw­tou­lag­la­ry­nyň azyn­dan 40 gö­te­ri­mi­ni elekt­ro­kar mo­del­le­ri eme­le ge­ti­rer. 2035-nji ýy­la çen­li bol­sa, di­ňe elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ulag­la­ry ön­dür­me­k mak­sat edin­il­ýär. Ta­nyş­dy­ry­lan ula­gyň öň ta­ra­pyn­da ho­wa çe­ki­ji gö­ze­nek­le­riň go­ýul­man­dy­gy hem ün­sü­ňi özü­ne çek­ýär. Ada­ty ýan­gyç­ly ulag­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da elekt­ro­kar­lar­da has az şaý bol­ýar. Elekt­rou­lag­lar­da iki ýa-da dört he­re­ket­len­di­ri­ji bol­ýar. Ola­r ula­gyň öň ta­ra­pyn­da, aşa­gyn­da we yzyn­da ýer­leş­di­ril­en­di­gi üçin has az ýer tut­ýar. Ula­gyň öň ta­ra­pyn­da bol­sa, ada­ty ulag­lar­da­ky ýa­ly he­re­ket­len­di­ri­ji­ni so­wat­ma­ga we ula­gyň içi­ne aras­sa ho­wa çek­mä­ge ni­ýet­le­nen gö­ze­nek­ler bol­ma­ýar. “Su­ba­ru” kom­pa­ni­ýa­sy ge­çen ýyl “Toyo­ta” bi­len elekt­ro­kar ön­dür­mek üçin yla­la­şyk ga­za­nyp­dy.