“Toyota” kompaniýasynyň inženerleri “SkyDrive” atly dünýäniň iň kiçi uçýan ulagynyň synaglaryny geçirip başladylar. Mundan ozal hem döwrebap ulag birnäçe gezek synagdan geçirilipdi. Emma olaryň ählisi uzakdan dolandyrylypdy. Bu gezekki synag hakyky sürüjiniň – adamyň münmeginde geçirildi. 2023-nji ýylda satuwa çykarylmagyna garaşylýan ulagyň ilkinji nusgasy 2014-nji ýylda peýda bolupdy. Täsin ulagyň köpçülikleýin önümçiligine bolsa 2026-njy ýylda başlanar. Uçýan enjamyň dört tarapynda keseligine ýerleşdirilen aýlanýan perler onuň howada hereket etmegine mümkinçilik berýär. Ulagyň kabinasy karting ulagyny ýadyňa salýar. Ulagyň howadaky tizligi 100 km/s, ýerdäki tizligi 150 km/s bolar. “SkyDrive” şereketiniň ýolbaşçylary ulagyň gündelik durmuşda hem-de gözleg-halas ediş işlerinde peýdalanyljakdygyny belleýärler.