Oduň eme­le gel­me­gi üçin ho­wa hem-de bel­li bir gyz­gyn­lyk ge­rek. Suw oda de­ge­nin­de ot bi­len ho­wa­nyň ara­sy­ ýa­py­lyp, onuň öç­me­gi­ne ge­tir­ýär. Suw çalt ak­ýan­dy­gy se­bäp­li äh­li ýe­re ýaý­rap, ody öçür­ýär. Şeý­le hem oda de­gen su­wuň gyz­gyn­ly­gy ýo­kar­la­nyp, bug eme­le gel­ýär. Bu­g, ýag­ny ga­za öw­rü­len suw has giň ýe­ri gap­lap al­ýar. Bu hem oduň öç­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Se­bä­bi ho­wa­da­ky bu­g kö­pel­di­gi­çe, kis­lo­ro­dyň muk­da­ry hem şon­ça azal­ýar. Ýag­ny, oduň üs­tü­ne suw se­pi­len­de, onuň kis­lo­rod bi­len ara­sy­nyň ke­sil­me­gi, eme­le ge­len bug se­bäp­li ho­wa­da­ky kis­lo­ro­dyň muk­da­ry­nyň azal­ma­gy hem-de ýan­ýan za­dyň so­wap gal­ma­gy ne­ti­je­sin­de ot öç­ýär.