Ýeriň ýeke-täk ýagtylyk çeşmesi bolan Günüň ozalkylardan has ýakyndan surata alyndy. Ýuwaş ummanynda, Gawainiň golaýyndaky Maui adasyndaky teleskop arkaly düşürilen suratda Günüň ýüzi gözenek-gözenek bolup görünýär. Bu gözenekleriň her biriniň ululygynyň Fransiýanyň meýdanyna barabardygy (640 000 km2) çaklanylýar. Täze alnan surat Gün barada has takyk çaklamalary orta atmaga we onuň hereketini ýakyndan öwrenmäge ýardam eder.
Haleakala dagynyň depesine, deňiz derejesinden 3 müň belentlikde ýerleşdirilen Inouýe atly teleskop asman jisimlerini ýokary durulykda surata alýar. Äpet teleskopy işletmek kyn hem-de gymmada düşýär. Teleskopyň linzalary Güne gönüden-göni bakdyrylýandygy sebäpli, çendenaşa gyzýar. Ony sowatmak üçin 4 sany ýüzülýän howuzy doldurjak mukdarda buz ulanylýar. Şeýle hem 100 sany çüwdürim arkaly teleskopyň aýnalary sowadylýar.