“Tesla”, “Apple” we “Samsung” ýaly tehnologiýa ägirtleri geçen ýylyň soňky çärýeginde gazanan girdejileri barada maglumat ýaýratdylar. Elektron söwda bilen meşgullanýan “Amazon” kompaniýasy hem bu barada maglumat berdi. Kompaniýanyň satuwy degişli döwürde 21 göterim ýokarlanyp, 87,4 milliard dollara ýetipdir. Kompaniýanyň her paýnama üçin peýdasy 6,47 dollar bolupdyr. Şeýlelikde, bu görkeziji garaşylandan ýokary bolupdyr. Maliýe bilermenleri satuwdan gazanylýan girdejiniň 86,2 milliard dollar, her paýnama üçin peýdanyň 4,11 dollar boljakdygyny çaklaýardylar. Elektron söwda kompaniýasynyň girdejisiniň artmagynda has köp ýeňillik döredilýän “Amazon Prime” hyzmatynyň agzalarynyň köpelmeginiň täsiri uly bolupdyr. “Amazon Prime” agzalarynyň sany dünýäde 150 milliondan geçipdir. Bu görkeziji 2018-nji ýylyň aprelinde 100 milliona ýeten eken.