Germaniýanyň “Volkswagen” kompaniýasy tebigatyň has arassa saklanmagyna goşant goşmak maksady bilen täze taslamany durmuşa geçirmäge taýýarlyk görýär. Dünýäniň iň köp ulag satýan kompaniýalarynyň biri bolan “Volkswagen” 2050-nji ýyla çenli önümçilik desgalaryny dolulygyna daşky gurşawa zyýansyz energiýa çeşmesi bilen üpjün etmegi maksat edinýär. Ilkinji nobatda, dünýäniň dürli ýurtlaryndaky 16 zawodynda ulanylýan elektrik energiýasynyň arassa çeşmelerini 70 göterimden 90 göterime ýetirmeklik göz öňünde tutulýar. Bu maksada şu ýylyň ahyryna çenli ýetiler. Şeýle hem elektrik energiýasynyň öndürilişinde tebigy gazyň ulanylyşyny artdyrmak isleýär. Munuň üçin Wolfsburgdaky zawody energiýa bilen üpjün edýän desgada 2022-nji ýyla çenli gaz turbinasy oturdylar. Kompaniýanyň täze elektrik beketleri iş alyp barýan ýurtlarynda arassa energiýa üpjünçiligine goşant goşar.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy Herbert Dýess elektrokar modellerini hem artdyrjakdygyny mälim etdi. Ol bu babatda “Tesla” kompaniýasy bilen bäsdeşlik edýändiklerini, elektrik energiýasy bilen işleýän awtoulaglaryň dogry çözgütdigini aýtdy.