“App­le” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ge­çen ýy­lyň soň­ky çär­ýe­gin­de ýo­ka­ry gir­de­ji ga­za­nan­dy­gy mä­lim edil­di. Ame­ri­kan teh­no­lo­gi­ýa ägir­di­niň ha­ryt­la­ry­nyň sa­tu­wy soň­ky ýyl­lar­da pe­se ga­çyp­dy. De­giş­li dö­wür­de kom­pa­ni­ýa 91,8 mil­liard dol­lar gir­de­ji, 22,2 mil­liard dol­lar aras­sa peý­da ga­za­nyp­dyr. Bu gör­ke­zi­ji kom­pa­ni­ýa­nyň bir çär­ýek­de iň köp ga­za­nan döw­ri bo­lup­dyr. Mun­da “iP­ho­ne 11” mo­de­li­ne de­giş­li smart­fon­la­ryň sa­tu­wy­nyň ga­ra­şy­lan­dan ýo­ka­ry bol­ma­gy­nyň tä­si­ri­niň bar­dy­gy aý­dyl­ýar. Üç aýyň do­wa­myn­da gir­de­ji­le­riň 61 gö­te­ri­mi­ni (55,96 mil­liard dol­lar) smart­fon­lar, 14 gö­te­ri­mi­ni ser­wis gir­de­ji­le­ri, 8 gö­te­ri­mi­ni “Mac” komp­ýu­ter­le­ri, 7 gö­te­ri­mi­ni “iPad” plan­şet­le­ri eme­le ge­ti­rip­dir. “App­le” de­giş­li dö­wür­de iň köp sa­ty­lan en­ja­myň “iP­ho­ne 11”-iň ar­zan ba­ha­ly mo­de­li­di­gi­ni mä­lim et­di. Kom­pa­ni­ýa mart aýyn­da “iP­ho­ne SE 2” (iP­ho­ne 9) at­ly tä­ze mo­de­li sa­tu­wa hö­dür­lär. Onuň “iP­ho­ne 8”-e meň­zeş bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Şeý­le hem gy­zyl reňk­li smart sa­ga­dy we 13 dýuým­lyk “MacBo­ok Pro” plan­şe­ti hem hö­dür­le­ner. Şu ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de kom­pan­iýa 63-67 mil­liard dol­lar gir­de­jä ga­raş­ýar.