Ýaponiýanyň “Honda” kompaniýasy ozalky modelleriniň elektrik energiýasy bilen işleýän täze modellerini öndürip başlady. Golaýda tanyşdyrylan “Honda E” atly model hem şolaryň biridir. Ispaniýada geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda görkezilen elektrokarlaryň tehniki aýratynlyklaryna ýokary baha berildi. Modeliň iki görnüşi bolup, onuň biriniň kuwwaty 136 at güýjüne, beýlekisiniňki 154 at güýjüne barabardyr. Ulaglar degişlilikde, sagatda 100 km tizlige 9 we 8,3 sekuntda ýetýär. Ulaglaryň ikisiniň hem ýokary tizligi 145 km/s bilen çäklendirilipdir. Şäheriň içinde sürmäge niýetlenen ulag üçin bu görkeziji aňryýany bilen ýeterlik.
“Honda E” bir gezekki zarýady bilen 220 kilometr ýol geçýär.