“Boeing” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň “777X” mo­de­li­niň sy­nag uçu­şy ge­çi­ril­di. Ho­wa gä­mi­si iki he­re­ket­len­di­ri­ji­li iň uly ýo­lag­çy uça­ry ha­sap­lan­ýar. Uzyn­ly­gy 77 met­re ba­ra­bar bo­lan uçar il­kin­ji sy­na­gyn­da 4 sa­gat uç­dy. Gel­jek ýyl ada­ty gat­naw­la­ry­ny ama­la aşy­ryp baş­la­jak uçar, oňa çen­li ýe­ne-de bir­nä­çe sy­nag­dan ge­çi­ri­ler. “Boeing” eý­ýäm bu uçar­dan 309 sa­ny­sy­na sar­gyt ka­bul edip­dir. Dün­ýä­niň iri uçar­gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­sy bo­lan “Boeing”-iň tä­ze ho­wa gä­mi­si 2013-nji ýyl­da ön­dü­ri­len “Air­bus A350” bi­len bäs­deş­lik eder. Uça­ryň iki gör­nü­şi bo­lup, bi­ri 16 müň ki­lo­metr­den uzak ara­ly­ga uçup 365 orun­ly, beý­le­ki­si 14 müň ki­lo­met­re go­laý ara­ly­ga uçup, 414 orun­ly bo­lar.