Sport meýdançalarynda ýa-da sport desgasynda oýnalýan bu oýna 20–30 oýunçy gatnaşyp biler. Oýunçylar iki topara bölünip, özlerine öňbaşçy saýlaýarlar. Meýdançada uzynlygy 20–30 metr bolan ugurdaş iki çyzyk çyzýarlar. Her topar öz tarapyndaky çyzygyň daşynda bir-birlerine ýüzbe-ýüz durýarlar. Iki çyzygyň ortasynda, meýdançany ikä bölýän ýene bir çyzyk çyzýarlar. Bije atyşyp, haýsy toparyň oýna birinji başlaýanlygy kesgitlenilýär.
Oýnuň oýnalyşy: oýny birinji başlaýan topar, hüjümçi, beýleki topar goragçy bolýar. Öňbaşçynyň rugsady bilen, oýny birinji başlaýan toparyň bir oýunçysy garşydaş toparyň oýunçylarynyň ýanyna baryp, bir oýunçynyň eline urup, yzyna gaçyp, özüni goragçy toparyň oýunçysyna tutdurman, ýerine geçip durmaga synanyşýar. Eline urduran oýunçy uran oýunçynyň yzyndan ylgap, orta çyzyga ýetmänkä tutmaga synanyşýar. Eger eline urlan oýunçy ony orta çyzyga çenli tutup bilse, onda tutulan oýunçy oýundan çykyp oturýar we oýny başlamaga hukuk gazanýar. Eger-de ony tutup bilmese, onda onuň özi oýundan çykyp oturýar we oýun täzeden dowam edýär.
Oýnuň düzgünleri:
1. El degrilen oýunçy tutuldygy hasap edilýär.
2. Meýdançanyň orta çyzygyna çenli tutmak bolýar.
3. Goragçy toparyň oýunçylary ellerini öňe uzadyp durmalydyrlar.
4. Hüjümçi toparyň oýunçysy goragçy toparyň islendik oýunçysynyň eline urup biler.
5. Oýnuň netijesinde haýsy toparyň oýunçysynyň sany az bolsa ýa-da gutarsa, şol toparyň ýeňildigi hasaplanýar.