“General Motors” kompaniýasy satuwa çykarjak täze modellerini “Super Cruise” atly awtomatlaşdyrylan ulgam bilen üpjün etmegi maksat edinýär. Bu ulgamyň iň esasy aýratynlygy sürüjiniň işini ýeňilleşdirýändigidir. Şu ýylyň dowamynda satuwa çykaryljak “Cadillac CT4” we “CT5” atly sedanlarda we “Cadillac Escalade” atly ýolsuz ýerden ýöreýän modelde bu ulgam ýerleşdiriler. Kameralar we sensorlar bilen enjamlaşdyrylan ulgam ýokary derejedäki howpsuzlygy hem üpjün edýär. “Super Cruise” ulgamynda sürüjiniň gözi yzygiderli yzarlanýar. Sürüjiniň ünsi ýoldan sowlan badyna ony duýdurýar.