Gyzyl alma, sary erik, ýaşyl ýaprak, ak gül… Tebigatda dürli reňkli ösümliklerdir jandarlar köp. Emma gök reňkli jandar gaty seýrek duş gelýär. Bu reňkiň tebigatda azdygy gepleşige hem täsirini ýetiripdir. Irki döwürlerde köp dilde bu reňki aňladýan söz hem bolmandyr. Sebäbi şol döwürlerde reňkler diňe tebigatdan alnandygy sebäpli gök boýag hem bolmandyr. Adamlar gök reňki diňe deňze we asmana seredenlerinde görüpdirler. Hatda häzirki wagtda hem köp dilde gök bilen ýaşyly tapawutlandyrýan söz ýok.
Ilki bilen, reňkiň nähili emele gelýändigine seredeliň! Janly-jandarlaryň we ösümlikleriň reňklerini pigment atly organiki madda berýär. Tebigatda bolsa, gök reňkli ýeke-täk pigment bar. Ol hem “Obrina Olivewings” atly kebelekde bolup, bu jandarlar Günorta Amerikada ýaşaýarlar. Tebigatda duş gelýän beýleki gök reňkler pigment sebäpli däl-de, şol synanyň gurluşy sebäpli gök bolup görünýär. Tawus guşunyň perleri, Amazon tokaýlyklarynda ýaşaýan gurbaga, totuguşlaryň käbir görnüşi gök reňkli bolýar. Emma bu jandarlaryň reňki yşygyň düşýän tarapyna görä üýtgeýär. Sebäbi, bularda tebigy gök reňk sebäpli däl-de, beden agzasynyň gurluşy sebäpli, gök bolup görünýär.
Ösümliklerde bolsa, gök reňki diňe käbir ösümlikleriň gül ýapraklarynda we käbir pürli agaçlarda duş gelýär. Şeýle hem gök gözli adamlar hem bar. Olaryň gözleri hem gök pigment sebäpli däl-de, gözünde goňur reňkli pigmentiň ýok bolandygy üçin şeýle görünýär.
Ilkinji gök reňkli boýag serişdesini Gadymy müsürliler oýlap tapypdyrlar. Şonuň üçin, gök reňki aňladýan söz hem Müsür medeniýetinde peýda bolupdyr.