1896-njy ýylda doganlar Lýumýerleriň düşüren “Otlynyň La-Sota wokzalyna gelmegi” (L’Arrivée d’un train en gare de La Ciotat) atly dokumental filmi emeli aň tehnologiýasy arkaly 4K durulygynda taýýarlandy. Şol ýylyň 25-nji ýanwarynda doganlar Ogýust we Lui pul almak arkaly öz düşüren filmlerini görkezipdiler. Bu waka kinematografiýada esasy ösüşleriň biri bolmak bilen, kino senagatynyň hem ilkinji ädimi hasaplanýar. Dowamlylygy 50 sekuntlyk sessiz we ak-gara film şol döwür uly gyzyklanma döredýär. Denis Şirýaýew atly hünärmen “Gigapixel AI” atly programmadan peýdalanyp, kinony has dury ýagdaýa öwürdi. “Gigapixel AI” programmasy wideoýazgyny 600 essä çenli durlaýar. Hünärmenler mundan soňra ak-gara filmleriň reňklendirilmeginde hem emeli aňdan peýdalanmagyň üstünde işleýärler.